Wagyz-nesihat edildi

18 Mart 2021
895

Sarahs etrap Medeniýet öýünde etrap prokuraturasynyň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda «Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üstünligiň açarydyr» diýen at bilen etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işleri, kabul edýän resminamalarydyr çözgütleriniň ähmiýeti, hukuk we dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygynyň has-da kämilleşdirilmegi ugrundaky tagallalary barada durup geçdiler.

Ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleri halk köpçüligine çuň many-mazmun bilen ýetirmegiň, maşgala gymmatlygyny wagyz etmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerdigi barada duşuşykda aýratyn bellenildi, Nygtalyşy ýaly, ýaşlaryň watansöýüji, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegini, sagdyn maşgalanyň kemala gelmegini gazanmakda ýaşuly nesliň gatnaşmagynda geçirilýän düşündiriş işleriniň ähmiýeti uludyr. Ýaşuly nesliň nusgalyk görüm-göreldesi ýaşlar üçin durmuş mekdebidir.

Hemra AKMÄMMEDOW,
Sarahs etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar