Saglygymyzy goralyň!

19 Mart 2021
894

Her paslyň öz aýratynlyklary bar. Irki baharda adam bedeni üçin witaminler, minerallar azlyk edip başlaýar. Bu ýagdaý dürli keselleriň döremegine, howanyň durnuksyzlygy sebäpli, dem alyş ýollarynyň ýiti respirator we öýken keselleriniň ýüze çykmagyna getirip bilýär.

Bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýagyş, güýçli ýel, yzygiderli şemally howa we çyglylygyň üýtgäp durmagy bedeniň immun ulgamyny pese düşürýär. Beden sowuklama duýgur bolýar. Könelişen keseller gaýtadan ýüze çykyp başlaýar. Allergiýanyň döremegi beýleki öýken keselleriniň we respirator keselleriniň agyr geçmegine sebäp bolup bilýär.

Lýudmila GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki 3-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar