Baş hazynamyz

19 Mart 2021
913

Bagtyýarlyk döwrümizde ynsan saglygyny goramak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, keselleriň öňüni almak babatynda degerli işler alnyp barylýar.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak saglygymyzy berkitmegiň gözbaşy bolup durýar. Şu günler howada tozan bölejikleriniň kadadan artýandygy sebäpli, lukmanlaryň berýän maslahatlaryna doly eýermegimiz gerek. Bu babatda her birimiz agyz-burun örtüklerini dakynmagy, ellerimizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagy, öý we iş otaglarynyň howasyny çalşyp durmagy endik edinip, saglygymyzy berkitmäge çalyşmalydyrys. Çünki, saglyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr.

Beýleki habarlar