Täsirli geçýär

19 Mart 2021
872

Ata Watanymyzda ynsan saglygy hakyndaky alada hemişe esasy wezipe bolup, ilkinji orunda durýar. Bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde geljegimiz bolan ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagyny, olaryň ýaşlykdan sagdyn durmuş ýörelgesini ýörelge edinmeklerini gazanmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Etrabymyzyň lukmanlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda edara-kärhanalarda, ilatyň köpçülikleýin bolýan ýerlerinde, orta mekdeplerde, ýaşlaryň arasynda “Sagdyn bolmak — özüňe bagly” diýen at bilen geçiren wagyz-nesihat çärelerimiz gyzykly hem täsirli boldy. Etrabymyzyň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 10-njy, 22-nji orta mekdeplerinde geçiren saglyk hem-de tertip-düzgün baradaky wagyz-nesihat çärelerimiz ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda bellenilip geçiljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny mynasyp garşylamagy maksat edinýän ýaşlarymyzyň gadamlary batly, ümzükleri öňe.

Beýleki habarlar