Ileri tutulýan ugur

19 Mart 2021
958

Garaşsyz Watanymyzda “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen ýörelgä eýerilip, halkymyzyň saglygy barada bimöçber aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş we sport ulgamlary uly ösüşlere eýe bolýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna we beýleki milli maksatnamalara laýyklykda, ilatyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen çäreler sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýete giňden ornaşdyrylmagy bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işlerde köpçülikleýin bedenterbiýäni we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy giňden wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki, bedenterbiýe, sport saglygyň girewi hasaplanylýar. Arkadag Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-halkyň saglygy we abadançylygy baradaky aladany, beden taýdan sagdyn ruhubelent ýaşlary terbiýelemegi döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde yglan edip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Beýleki habarlar