Täze mümkinçilikler açylýar

19 Mart 2021
1151

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi ýokary depginde alnyp barylýar. Biziň welaýat köpugurly hassahanamyza Germaniýanyň önümi bolan «Karl — Storž» Artroskop (bogunlarda kiçi ölçegde kesip, barlaglar we amal etmek) guraly ulanylmaga berildi. Artroskopiýa az inwaziw hirurgiki bejergi bolmak bilen, dürli hünärli adamlarda we sport bilen meşgullanýan ýaşlarymyzda, esasan hem, dyz bognunda köp operasiýalary ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Artroskopiki barlag we bejergi usullarynyň lukmançylygyň amalyýetine ornaşdyrylmagy, dyzyň bogun hirurgiýasyny has öňe gadam basdyrdy. Ol çigin, tirsek, but, çanaklyk, dyz we injik-daban bogunlarynda dürli barlaglar geçirmek we amaly bejergi üçin giňden ulanylýar. Gat-gat jaýlarda ýaşaýan raýatlarymyzda, türgenlerimizde iri bogunlaryň ýumşak dokumalarynyň, meniskleriniň — bogunara kitirtmekleriň zeperlenmegi has köp duş gelýär.

Şeýle zeperlenme köp halatlarda sportuň göreş, uzynlygyna bökmek, futbol, hokkeý görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş ýetginjeklerde, erkek we zenan türgenlerde gabat gelýär. Menisk bu bogunara kitirtmek bolmak bilen bogunda maýyşgaklyk işini ýerine ýetirýär. Bogunda menisk iki bölekden ybarat, ýagny, içki we daşky kitirtmek bolýar. Içki kitirtmek, daşka görä 8-9 esse köp zeperlenýär. Kitirtmekler zeperlenende bogunda agyry döreýär, hereketde çäklenme bolýar, esasanam, bognuň iç ýüzünde agyry güýçli bolýar. Bogunda epilme hereketi has--da çäklenýär, adam aýagyny ýere basyp ýöräp bilmeýär. Dyz bogunlarynyň zeperlenmesini şikesiň ýiti döwri adaty usullar bilen anyklamak örän kyn. Şol sebäpli ýörite barlaglar geçirilýär.

Beýleki habarlar