Ysmanak — ýaz nygmaty

19 Mart 2021
1613

Ysmanak ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň arasynda iň köp duş gelýänleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän bu birýyllyk otjumak ösümligiň ýabany we bakja görnüşleri bardyr. Ýabany ysmanak ýaz paslynda dag eteklerinde tebigy ýagdaýda gögerýär. Ysmanagyň düzüminde A, C, D, PP, K ýaly witaminleriň 20-siniň, turşuja, limon, alma turşulyklarynyň bardygy anyklanyldy. Mundan başga-da, onuň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar, demir, mis, sink, ýod, kaliý, kalsiý, fosfor ýaly mikroelementleriň, mineral duzlaryň köp mukdary saklanýar.

Ysmanak irki wagtlardan bäri azyk we dermanlyk maksatlar üçin ulanylyp gelinýän ösümlikleriň naýbaşysydyr. Ol bahar paslynda has şüwlümli iýilýär. Ysmanagyň dermanlyk häsiýetleri Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» diýen eserinde beýan edilýär. Ol bu ösümligiň şiresini içgeçmäniň garşysyna ulanypdyr. Derman hökmünde şowakörlügiň, ganazlygyň, witamin ýetmezçiliginiň, içgeçmäniň garşysyna peýdalanylýar.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar