"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Il saglygy — ýurt baýlygy

Derde derman buýan köki Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan dermanlyk ösümlikleriň tebigy goruny gorap saklamalydygyny nygtap belleýär. Mähriban Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki eserinde ýurdumyzda 4 görnüşi (dünýäde 15 görnüşi) duş gelýän süýji buýan ösümliginiň tebigy ýaýraýşy, köpeliş şertleri, onuň düzümi we melhemlik häsiýeti barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Kesellerden goranmak üçin

Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak üçin lukmanlar aşakdaky düzgünleri berjaý etmegi maslahat berýärler: Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek zerur.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Ak bugdaý etrabynyň «Bereketli zaman» şäherçesindäki 44-nji orta mekdepde ýokary synp mekdep okuwçylarynyň hem-de ýaş mugallymlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşygyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmekden olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmakdan ybarat boldy. Duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän ajaýyp özgertmeler, raýatlaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler barada söhbet açdylar hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda alnyp barylýan işlere ünsi çekdiler.

Möwsümleýin döreýän keselleriň öňüni almak

Ýiti respirator keseli diýlip adamyň ýokarky dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar. Wiruslaryň döredýän bu keseli pasyl çalyşmagynda, gyşda, baharda, güýzde, umuman, ýylyň ähli möwsüminde ýüze çykyp bilýär. Onuň ilkinji alamatlary: dem almagyň kynlaşmagy ýa-da burnuň akmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklyk. Näsag ýiti respirator keseli bilen kesellände, daş-töweregindäkilere keseliň geçmezligi, ýokuşmazlygy üçin bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny gazanmaly. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, kadaly iýmitlenip, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanyp, bedeni hemişe taplamaly.

Saglyk — baş baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Kalplarda alkyş hem buýsanç

Raýatlaryň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyz dünýä gazananlaryny milli saglygy goraýşa ornaşdyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek meselesine uly üns berýär. Dürli maksatly saglygy goraýyş desgalary yzygiderli açylyp, ulanylmaga berilýär, lukmançylygyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. 8-nji aprelde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ilata gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçaryň ýurdumyza gelip gowşandygy baradaky habar ählimizde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Düýn, 9-njy aprelde bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde hoşallyk maslahaty geçirildi.

Noş bolsun!

Sagdyn iýmitlenmegiň düzgünleri Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, ilatyň saglyk ýagdaýynyň 60 — 70 göterimi iýmitlenmek we durmuş şertleri bilen bagly bolup durýar. Sagdyn iýmitlenmek adamlaryň saglygyny goramaga, daşky gurşawyň zyýanly täsirlerine garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýokary fiziki hem akyl zähmeti boýunça işjeňligine, uzak ýaşamagyna ýardam edýär. Adam bedenine ähli peýdaly we zyýanly maddalaryň, esasan, iýmitiň üsti bilen düşýändigi öz-özünden düşnüklidir. Şol bir wagtyň özünde, peýdaly we zyýanly zatlary saýgaryp iýmek biziň öz erkimizdedir. Şonuň üçin sagdyn iýmitlenmegiň şu aşakdaky esasy ýörelgelerini berjaý etmeli.

Jemgyýetiň sagdynlygy ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr

7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ir bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýaşlar ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk hyzmaty kämillik ýolunda

Hormatly Prezidentimiz ýöriteleşdirilen täze dikuçaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy.

Dogry iýmitlenmek — saglygyň girewi

Halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek maksady bilen, ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň, şeýle hem ýokanç däl keselleriň öňüni almak, çaganyň irki ösüşiniň we ony mekdebe taýýarlamak boýunça degişli döwlet we milli maksatnamalaryň, şonuň ýaly-da, «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň», «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ynsan saglygyny goramakda adamlaryň sagdyn iýmitlenmeginiň wajyplygyndan ugur alnyp taýýarlanylan bu maksatnamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmekden hem-de keselleriň öňüni almakdan, raýatlarymyzyň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakdan we sagdyn durmuşda uzak ýaşamaklaryny gazanmakdan ybaratdyr.  Ata-babalarymyzyň «Görk — agyzdan» diýen parasatly aýtgysy bar. Dogry iýmitlenmek uzak ýaşamagyň, sagdynlygyň, keýpiçaglygyň girewidir. Çünki kadaly iýmit ynsan bedenine güýç-kuwwat berýär, madda alyş-çalşygynyň kadaly geçmegine ýardam edýär. Kadaly iýmitlenmek çaga bedeniniň hem sazlaşykly we doly ösüşini üpjün edýär, kesellerden goraýar we ýokanç

Ynsan ýaşaýşynyň özeni

Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Saglygy goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti hem örän uludyr. Şonuň üçinem ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny ösüşlere beslemek üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri hemişe üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan kadalar munuň aýdyň güwäsidir. Ene göwresinden başlap, halal we arassa iytmitlenmek çaganyň geljekki durmuşyna öz täsirini ýetirýär. Bu barada Muhammet pygamber hem: «Iýýän we içýän zatlaryňyz halal, tämiz bolsun. Çagalaryňyz bulardan hasyl bolar (emele geler)» diýip ündäpdir.

Abadan hem bagtyýar durmuşymyzyň sakasy

Saglygym — baş baýlygym

Maşk edilse säherde,Obalarda, şäherde,Ähli zatdan ýokarda,Saglygym — baş baýlygym. Melhemdir bar ot-çöpi,Begendirer ol köpi,Şypaly buýan köki,Saglygym — baş baýlygym.

Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar

Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Kämil nesil

Milli Liderimiz 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň çeşmesidir. Şonuň üçin hem bu ugur Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Saglyk ýoly hem bu ugurda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolup durýar.

Täze tiz kömek dikuçary: hem tizlik, hem ýokary üpjünçilik

Milli Liderimiz ýöriteleşdirilen täze dikuçaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy 8-nji aprelde döwlet Baştutanymyz ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy. Bu waka ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Maşk et — bedeniňi tapla! (Ýaşlar we saglyk)

Maşk etmegiň saglygy pugtalandyrýandygy hem-de bedeni berkidýändigi hemmämize mälimdir. Yzygiderli we sazlaşykly hereketler myşsalaryň çeýeligini artdyrýar hem-de madda çalşygyna oňaýly täsir edýär. Hereketsizlik bedeniň myşsalarynyň gowşamagyna, gan aýlanyş ulgamynyň işiniň bozulmagyna, adamyň aşa agram almagyna, şonuň esasynda bolsa dürli keselleriň döremegine getirýär. Şol sebäpli hem lukmanlar yzygiderli sport bilen meşgullanmagyň zerurdygyny nygtaýarlar. Sport meýdançalaryna barmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, öý şertlerinde ýeňil maşklary ýerine ýetirmek hem örän peýdalydyr. Bu babatda lukmanlar birnäçe ýönekeýje maşklary yzygiderli ýerine ýetirmegi maslahat berýärler: şunda bedeni dik saklamaly we eginleriňi ýazmaly, aýaklaryň arasyny eginleriň bilen deň ýagdaýda açmaly, elleriňi ýokary galdyryp, aýalary gulpjagaz şekilinde birleşdirmeli. Bulardan başga-da, bedeni galdyrylan ellerimize tarap germeli. Şeýle ýagdaýda ellerimiz ýadaýança otagda gezim etmeli. Ony her gün, hatda günüň dowamynda birnäçe gezek gaýtalamak peýdalydyr.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Mälim bolşy ýaly, 7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçildi. Şol gün eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimli dabaralar guraldy. Asylly däbe görä, bu halkara çäresine bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň çeşmesidir. Şonuň üçin hem, bu ugur Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Arassaçylygy berjaý ediň!

■ Öý we iş otaglaryny wagtal-wagtal ýelejirediň, penjireleri açyp, howasyny çalşyň! ■ Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda gowy sabynlap ýuwup duruň!