Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Kämil nesil

9 Aprel 2021
1063

Milli Liderimiz 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň çeşmesidir. Şonuň üçin hem bu ugur Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Saglyk ýoly hem bu ugurda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolup durýar.

"Nesil".
Beýleki habarlar