Ynsan ýaşaýşynyň özeni

9 Aprel 2021
1169

Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Saglygy goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti hem örän uludyr. Şonuň üçinem ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny ösüşlere beslemek üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.

Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri hemişe üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan kadalar munuň aýdyň güwäsidir. Ene göwresinden başlap, halal we arassa iytmitlenmek çaganyň geljekki durmuşyna öz täsirini ýetirýär. Bu barada Muhammet pygamber hem: «Iýýän we içýän zatlaryňyz halal, tämiz bolsun. Çagalaryňyz bulardan hasyl bolar (emele geler)» diýip ündäpdir.

Aýsyluw ATAGURBANOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar