Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar

9 Aprel 2021
950

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigine bolup geçýän taryhy wakalar, amala aşyrylýan işler dolulygyna güwä geçýär. Döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň abadan durmuşy baradaky alada ata Watanymyzda bu ugurda alnyp barylýan syýasatda bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň we sagdynlygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar.

Bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylýandygyny, sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň kemala gelýändigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýokary ruhubelentlikde bellenip geçilen Bütindünýä saglyk gününiň dabaraly çäreleri hem subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu halkara çärä bagyşlanyp geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşmagy onuň dabarasyny has-da artdyrdy. Munuň özi «Ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr» diýip nygtaýan mähriban Arkadagymyzyň göreldesiniň ýaşlar üçin ýörelge bolup durýandygyny ýene bir gezek görkezdi.

Bahargül MERETGYLYJOWA
talyp.
Beýleki habarlar