Dogry iýmitlenmek — saglygyň girewi

9 Aprel 2021
1353

Halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek maksady bilen, ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň, şeýle hem ýokanç däl keselleriň öňüni almak, çaganyň irki ösüşiniň we ony mekdebe taýýarlamak boýunça degişli döwlet we milli maksatnamalaryň, şonuň ýaly-da, «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň», «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Ynsan saglygyny goramakda adamlaryň sagdyn iýmitlenmeginiň wajyplygyndan ugur alnyp taýýarlanylan bu maksatnamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmekden hem-de keselleriň öňüni almakdan, raýatlarymyzyň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakdan we sagdyn durmuşda uzak ýaşamaklaryny gazanmakdan ybaratdyr.  Ata-babalarymyzyň «Görk — agyzdan» diýen parasatly aýtgysy bar. Dogry iýmitlenmek uzak ýaşamagyň, sagdynlygyň, keýpiçaglygyň girewidir. Çünki kadaly iýmit ynsan bedenine güýç-kuwwat berýär, madda alyş-çalşygynyň kadaly geçmegine ýardam edýär. Kadaly iýmitlenmek çaga bedeniniň hem sazlaşykly we doly ösüşini üpjün edýär, kesellerden goraýar we ýokanç kesellere garşy göreşmäge kömek edýär.

Täzegül NEPESOWA,
welaýat AIDS-iň öňünialyş merkeziniň metbugat bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar