Sport — sagdynlygyň gözbaşy

9 Aprel 2021
932

Mälim bolşy ýaly, 7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçildi. Şol gün eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimli dabaralar guraldy. Asylly däbe görä, bu halkara çäresine bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň çeşmesidir. Şonuň üçin hem, bu ugur Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar