Möwsümleýin döreýän keselleriň öňüni almak

11 Aprel 2021
1273

Ýiti respirator keseli diýlip adamyň ýokarky dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar. Wiruslaryň döredýän bu keseli pasyl çalyşmagynda, gyşda, baharda, güýzde, umuman, ýylyň ähli möwsüminde ýüze çykyp bilýär.

Onuň ilkinji alamatlary: dem almagyň kynlaşmagy ýa-da burnuň akmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklyk. Näsag ýiti respirator keseli bilen kesellände, daş-töweregindäkilere keseliň geçmezligi, ýokuşmazlygy üçin bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny gazanmaly. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, kadaly iýmitlenip, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanyp, bedeni hemişe taplamaly.

Guwanç SAPAROW,
Aşgabat şäher hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar