Abadan hem bagtyýar durmuşymyzyň sakasy

9 Aprel 2021
1234

Täze taryhy döwürde milli saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ulgamy ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalar bilen berk baglanyşyklydyr. Bularyň hatarynda «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany», «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany», «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamany» we beýlekileri görkezmek bolar. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ulgamy ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň baş maksady raýatlarymyzyň bagtyýar, abadan we sagdyn durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu işlerde ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, ulgamy sanlylaşdyrmak, ilata ýokary hilli döwrebap bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny etmek baradaky aladalar öz beýanyny tapýar.

Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň subutnamasydyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda, innowasion tehnologiýalara, lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde, ulgamy dünýä lukmançylygynda gazanylan iň oňat tejribelere laýyklykda ösdürmekde uly öňegidişlikleri gazanmaga düýpli itergi berer.

Aknur BABAÝEWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar