"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Do­nor­çy­lyk we onuň äh­mi­ýe­ti

Ga­nyň be­je­riş hä­si­ýet­le­ri ir­ki dö­wür­ler­den ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr. Ony be­je­riş se­riş­de­si hök­mün­de dür­li usul­lar­da ula­nyp­dyr­lar. Luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ös­me­gi bi­len, ga­ny da­mar­dan goý­ber­mek ba­ra­da yl­my-luk­man­çy­lyk ga­ra­ýyş­lar dö­räp­dir. Gan fi­zio­lo­gi­ki he­re­ke­tiň tä­sin bio­lo­gi­ki se­riş­de­si­dir. Ga­nyň çeş­me­si di­ňe adam, di­ňe do­nor bo­lup bi­ler.

Geljegi nazarlaýan dostlukly gatnaşyklar

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Milli Liderimiz ynsan saglygyny ýurduň baş baýlygy hökmünde yglan edip, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary öz wagtynda bejermek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu bolsa adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagyna we ilatyň durmuş derejesiniň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýär.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Lukman maslahat berýär

■ Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. ■ Kesellemegiň öňüni almak üçin arassa agyz suwuny içiň we gök önümleri iýiň!

Saglyk — baş baýlyk

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny goramakda uly işler alnyp barylýar. Şu günler — tomsuň yssy wagtlary Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmak, arassa howada işjeň hereket etmek barada wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar. Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanylanda, ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen adamyň derisi D witamini işläp çykarýar. Ol bolsa diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, nerw dartgynlylygyndan goraýan oňat serişdedir. Bu witaminiň ýeterlik derejesi beden süňklerini osteoporozdan, sklerozdan, ýagny beden dokumalarynyň gatamagyndan we iglilikden goraýar. Onuň ýetmezçiligi parodontoza, birnäçe howply täze döreme kesellerine, beden etleriniň we bogunlarynyň agyrysyna we süýjüli diabet keseline alyp barýar. Şol sebäpli D witamini almak üçin, Günüň astynda bellenilen şertlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Gün şöhlesiniň ýene-de bir gowy taraplarynyň biri bolsa onuň birnäçe kesel dörediji mikroorganizmleri ýok edýänligidir. Mundan başga-da, güýçli bolmadyk Gün şöhlesi adam ruhuna oňaýly täsirini ýetirip, özüňi oňat duýmagyňa ýardam berýär. Şonuň üçin örän yssy bolmadyk güneşli günlerde gezelenç etmek maslahat berilýä

Ýaşyňyz uzyn bolsun!

Bu alkyş sözleri oňa her gün birnäçe sapar aýdylýar. Elbetde, dertlerine em tapýan ynsanlar bu sözleri ak ýürekden aýdýarlar. Saglygyna gowuşýan näsaglara mundan uly bagt barmy, eýsem?! Şol sebäpden eli ýeňil lukmanyň alkyş sözlerden her gün ýüki ýetik. ...Işe gümra bolup otyrdym. Otaga orta ýaşly adamyň girip gelenini-de bilmändirin. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soňra onuň habaryny soradym. Ýöne gözlerinden görnüp duran begenji nazarymdan sypmady.

Içseň miwe suwuny

Ter sykylan miwe şireleriniň peýdasy uludyr. Mysal üçin, terligine sykylan pyrtykal şiresi beýni üçin peýdalydyr. Eger-de siz özüňizi ukusyz we ysgynsyz duýsaňyz, bir bulgur pyrtykal şiresini içiň, şonda ýadawlygyňyz dep bolar. Bir bulgur pyrtykal içgisinde pektinleriň gündelik mukdarynyň 15-20 göterimi saklanýar. Alymlar ter alma şiresiniň adamyň tutuş bedeni üçin diýen ýaly peýdaly bolan polifenollara baýdygyny tassyklaýarlar. Lukmançylyk barlagynda alma şiresiniň düwnük keselleriniň öňüni almak üçin haýyrlydygy ýüze çykaryldy.

Mumyýa

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitabynyň mysalynda ýurdumyzda adam saglygy hakyndaky aladanyň has belent derejede saklanýandygyny görmek bolýar. Kitapdan hem görnüşi ýaly, türkmen topragy dermanlyk ösümlikleriň mekanydyr. Şolaryň arasynda döwük-ýenjikleri bejermekde giňden ulanylýan, tebigatyň döreden tapylgysyz melheminiň biri hem mumyýadyr. Mumyýa, köplenç, gaýalaryň ýokarky bölekleriniň köweklerinde, jaýryklarynda bolýar. Onuň düzüminde köp mukdarda organiki we organiki däl maddalar, gippur, benzoý kislotalary, aminokislotalar, smolalar, mumlar, şepbikler we ösümlik galyndylary bolýar.

Beýni üçin peýdaly

Adam beýnisi bedeniň beýleki agzalary ýaly, iň esasy wezipäni ýerine ýetirýär. Durmuşda fiziki we ruhy täsirler wagtyň geçmegi bilen beýniniň işjeňligini peseldip bilýär. Munuň üçin kadaly, dogry iýmitlenip, beýnimize ýardam etmelidiris. Sebäbi kadaly iýmitlenmek diňe bir aşgazanymyz üçin däl, eýsem, beýni we degna ulgamymyz üçin hem örän ähmiýetlidir. Lukmanlar degna dartgynlylygynyň, ýagny, ruhy çökgünligiň 22 sany keseliň ýüze çykmagynyň sebäbidigini anykladylar. Bellenilişi ýaly, degna dartgynlylygy ýüregiň işemiýasy, demgysma we aşgazan-içege näsazlygy ýaly keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şonuň üçin E, C we A ýokumlaryň yzygiderli kabul edilmegi beýni üçin peýdalydyr.

Saglyk — baş baýlyk

Teşneligi nädip gandyrmaly? Yssy günlerde köp adam teşnelikden ejir çekýär. Onuň esasy sebäbi gandaky suwuň, duzuň deňagramlygynyň ýitirilmegidir. Bir litr ganda elmydama 9,45 gram duz bolmaly. Yssy howada, adam derläp, duza görä, suwy has köp ýitirýär. Bu hem kem-kemden ganyň düzüminde duzuň möçberiniň köpelmegine getirýär. Şeýdibem hakyky teşnelik döreýär. Teşneligi köp mukdarda suw içip, gandyryp bolýan däldir, ol adamyň köp derlemegine eltýär (24 sagadyň dowamynda 12 litre çenli). Der bilen bolsa gaty kän (30 grama çenli) duz ýitýär. Duz bolsa endamda suwuklygy saklaýan serişdedir. Şu sebäpden, suwy näçe köp içseň, ýene-de içesiň gelýär.

Çopantelpek

Çopantelpek köşeşdiriji serişde hökmünde ukusyzlyk, aşa duýgurlyk ýagdaýlarynda ulanylýar. Bu derman oty rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, kiçi çagalar we uzak wagtlap dartgynly ýagdaýda bolanlar üçin peýdalydyr. Çopantelpek iň howpsuz derman ösümlikleriniň biridir. Tebipçilikde bu ösümlik agyryny aýryjy, köşeşdiriji, damar giňeldiji serişde hökmünde hem ulanylýar. Çopantelpegiň sowuklama garşy bolan täsiri guragyryda, bogunlaryň çişmesinde we beýleki çişmelerde peýda edýär. Şeýle hem diş sowuklamasynda çopantelpegiň demlemesine agyz çaýkalsa nepi uludyr.

Baş baýlygyň goragynda

Ýurdumyzda ganyň we gan önümleriniň durnukly goruny döretmek, olar bilen saglygy goraýyş edaralaryny bökdençsiz üpjün etmek hem-de gan tabşyrmagy höweslendirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi ganyň we gan önümleriniň zerur mukdarynyň hemişe tapylyp durmagyny gazanmaga şert döredýär. Ýurdumyzda Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň düzüminde dünýä ülňülerine gabat gelýän ýörite Gan merkezi hereket edýär. Donorçylygyň 3 görnüşi bolup, ol gan, plazma, gan öýjükleriniň donorçylygydyr. Şoňa laýyklykda, donordan bitewi gan ýa-da onuň düzüm bölekleri alynýar. Bitewüligine alnan gan sentrifuganyň kömegi bilen düzüm böleklerine, ýagny, eritrositlere, leýkositlere we trombositlere, plazma bölünýär. Şeýlelik bilen, bitewi gan tabşyrýan donor birbada 3 adamy halas edip bilýär. Donosiýanyň bu görnüşinde 1 gezekde 450 millilitre çenli (adam bedenindäki ganyň, takmynan, 10 göterimi möçberde) gan alynýar. Şeýle mukdardaky gan sagdyn adam üçin howpsuz hasaplanýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýereliň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Tomus paslynyň sapaly günleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaş neslimiziň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklaryna, ylymly-bilimli, sowatly, ýokary ahlakly, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistany bagtly çagalygyň we bagtyýar ýaşlygyň ýurduna öwürdi. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde çagalara şadyýan ýaşamak, okamak we medeniýetli dynç almak üçin iň gowy mümkinçilikler, döwrebap şertler döredilýär.

Abadan durmuşyň bähbidine

Düýn paýtagtymyzdaky 11-nji Saglyk öýünde saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn Pudagara toparyň 2021-nji ýyldaky I mejlisi geçirildi. Oňa dürli ministrliklerden, edaralardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinden, şeýle-de habar beriş serişdelerinden wekiller gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda saglygy goraýşyň dürli meselelerine degişli çykyşlar diňlenildi, dürli pudagyň wekilleri bilen sorag-jogap alşyldy. Mejlisiň gün tertibinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini durmuşa ornaşdyrmak hakyndaky çykyşlara aýratyn orun berildi. Resminamanyň kabul edilmegi netijesinde, bu ugurda uly üstünliklere ýetilendigi aýdyldy. Muňa ýurtda birnäçe keselleriň ýok edilendigi we nahar duzunyň ýodlaşdyrylmagy hakyndaky halkara güwänamalaryň berilmegi, bu ugurda berk kanunçylyk binýadynyň döredilmegi, paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap saglyk maksatly edaralaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi we kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy mysal bolup biler. Ýakynda kabul edilen rejelenen görnüşli «Saglyk» Döwlet maksatnamasy 26 bapdan ybarat bolup ol, ilkinji nobatda, keselleriň öňüni almaga we sagl

Gün urmasyndan nädip goranmaly?

Gün şöhlesi kadaly ýagdaýda bolanda bedeniň immunitetini pugtalandyrýar, gan aýlanyşy gowulandyrýar, adam bedeni üçin peýdaly bolan D witamininiň işlenilip çykarylmagyna itergi berýär. Güneşli howada adamlaryň özüni duýşy oňatlaşýar, işjeňligi artýar, bedendäki madda çalşygy ýokarlanýar. Şeýle-de bolsa howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda durmagyň we gezelenç etmegiň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däldir. Sebäbi Günüň ultramelewşe şöhlesi peýdaly bolsa-da, infra-gyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda deride howply täze döremeleriň emele gelmegine-de getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin käbir düzgünleri berjaý etmek maslahat berilýär. ■ Tomusda irden sagat 1100-dan 1700-a çenli aralykda, zerur bolmasa, daşaryk çykmak maslahat berilmeýär.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

14-nji iýun — Bütindünýä gan donorynyň güni

YNSANPERWERLIK ÝÖRELGESI «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda halkyň saglygyny goramak boýunça netijeli çäreler geçirilýär. 14-nji iýunda dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, ýurdumyzda-da Bütindünýä gan donorynyň güni bellenilýär. Ýurdumyzda donorçylygyň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Muny «Donorçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigi hem doly tassyklaýar. Donorlaryň saglygyny goramak, gany we onuň düzüm böleklerini tabşyrmakda howpsuzlygy, olaryň öwezini doldurmak kanun esasynda üpjün edilendir. Lukman Prezidentimiz adam saglygyny ýurt baýlygyna deňäp, döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikleri döredýär.

Hereketli oýunlaryň ähmiýeti

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» we ony amala aşyrmagyň meýilnamasy kabul edildi. Maksatnama laýyklykda, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mekdebe çenli bilim edaralarynyň işine uly ähmiýet berlip, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi ornaşdyrylýar. Berk bedenli, sagdyn ruhly çagalary terbiýelemekde bedenterbiýe sapagynyň ähmiýeti has-da uludyr. Şoňa görä-de, ruhy we fiziki taýdan sazlaşykly ösýän nesli kemala getirmekden ugur alnyp, çagalar baglarynda çagalar bilen beden taplaýjy, sapaklaryň aralygynda dynç beriji maşklar, hereketli oýunlar talabalaýyk geçirilýär. Bu maşklar çagalaryň saglygyny berkitmek bilen bir hatarda, olaryň işjeňligini artdyrýar, ünslüligini, ýatkeşligini güýçlendirmäge ýardam berýär.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...