Gün urmasyndan nädip goranmaly?

11 Iýun 2021
806

Gün şöhlesi kadaly ýagdaýda bolanda bedeniň immunitetini pugtalandyrýar, gan aýlanyşy gowulandyrýar, adam bedeni üçin peýdaly bolan D witamininiň işlenilip çykarylmagyna itergi berýär. Güneşli howada adamlaryň özüni duýşy oňatlaşýar, işjeňligi artýar, bedendäki madda çalşygy ýokarlanýar. Şeýle-de bolsa howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda durmagyň we gezelenç etmegiň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däldir. Sebäbi Günüň ultramelewşe şöhlesi peýdaly bolsa-da, infra-gyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda deride howply täze döremeleriň emele gelmegine-de getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin käbir düzgünleri berjaý etmek maslahat berilýär.

■ Tomusda irden sagat 1100-dan 1700-a çenli aralykda, zerur bolmasa, daşaryk çykmak maslahat berilmeýär.

Şemşat ANNAÝEWA,
Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýüniň iç keseller lukmany.
Beýleki habarlar