14-nji iýun — Bütindünýä gan donorynyň güni

11 Iýun 2021
833

YNSANPERWERLIK ÝÖRELGESI

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda halkyň saglygyny goramak boýunça netijeli çäreler geçirilýär. 14-nji iýunda dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, ýurdumyzda-da Bütindünýä gan donorynyň güni bellenilýär. Ýurdumyzda donorçylygyň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Muny «Donorçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigi hem doly tassyklaýar. Donorlaryň saglygyny goramak, gany we onuň düzüm böleklerini tabşyrmakda howpsuzlygy, olaryň öwezini doldurmak kanun esasynda üpjün edilendir. Lukman Prezidentimiz adam saglygyny ýurt baýlygyna deňäp, döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikleri döredýär.

Mährijemal DOWLADOWA,
welaýat Gan bankynyň lukmany.
Beýleki habarlar