Baş baýlygyň goragynda

14 Iýun 2021
794

Ýurdumyzda ganyň we gan önümleriniň durnukly goruny döretmek, olar bilen saglygy goraýyş edaralaryny bökdençsiz üpjün etmek hem-de gan tabşyrmagy höweslendirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi ganyň we gan önümleriniň zerur mukdarynyň hemişe tapylyp durmagyny gazanmaga şert döredýär. Ýurdumyzda Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň düzüminde dünýä ülňülerine gabat gelýän ýörite Gan merkezi hereket edýär.

Donorçylygyň 3 görnüşi bolup, ol gan, plazma, gan öýjükleriniň donorçylygydyr. Şoňa laýyklykda, donordan bitewi gan ýa-da onuň düzüm bölekleri alynýar. Bitewüligine alnan gan sentrifuganyň kömegi bilen düzüm böleklerine, ýagny, eritrositlere, leýkositlere we trombositlere, plazma bölünýär. Şeýlelik bilen, bitewi gan tabşyrýan donor birbada 3 adamy halas edip bilýär. Donosiýanyň bu görnüşinde 1 gezekde 450 millilitre çenli (adam bedenindäki ganyň, takmynan, 10 göterimi möçberde) gan alynýar. Şeýle mukdardaky gan sagdyn adam üçin howpsuz hasaplanýar.

Ogulnäzik ANNAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 16-njy Saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar