Abadan durmuşyň bähbidine

12 Iýun 2021
914

Düýn paýtagtymyzdaky 11-nji Saglyk öýünde saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn Pudagara toparyň 2021-nji ýyldaky I mejlisi geçirildi. Oňa dürli ministrliklerden, edaralardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinden, şeýle-de habar beriş serişdelerinden wekiller gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda saglygy goraýşyň dürli meselelerine degişli çykyşlar diňlenildi, dürli pudagyň wekilleri bilen sorag-jogap alşyldy.

Mejlisiň gün tertibinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini durmuşa ornaşdyrmak hakyndaky çykyşlara aýratyn orun berildi. Resminamanyň kabul edilmegi netijesinde, bu ugurda uly üstünliklere ýetilendigi aýdyldy. Muňa ýurtda birnäçe keselleriň ýok edilendigi we nahar duzunyň ýodlaşdyrylmagy hakyndaky halkara güwänamalaryň berilmegi, bu ugurda berk kanunçylyk binýadynyň döredilmegi, paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap saglyk maksatly edaralaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi we kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy mysal bolup biler. Ýakynda kabul edilen rejelenen görnüşli «Saglyk» Döwlet maksatnamasy 26 bapdan ybarat bolup ol, ilkinji nobatda, keselleriň öňüni almaga we saglygy berkitmäge, her bir raýatyň saglygynyň ýokary derejede bolmagyny we adamyň sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmaga gönükdirilendir. Maksatnamada, esasan hem eneleriň we çagalaryň, ýetginjekleriň saglygyny goramak, uly ýaşly adamlaryň saglygy, olaryň kesellerini bejermek, gender deňligini göz öňünde tutmak bilen, erkek adamlaryň saglygyny goramak, ilatyň kesellere garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmak, ýokanç keselleriň öňüni almak, daşky gurşawyň zyýanly täsirleri, bu barada ylmy-barlag işlerini geçirmek, orta we ýokary lukmançylyk mekdepleriniň talyplarynyň sanyny köpeltmek, derman senagatyny ösdürmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de sanly lukmançylygy ösdürmek ýaly işler göz öňünde tutulýar.

Aýsenem NURLYÝEWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar