Saglyk — baş baýlyk

14 Iýun 2021
727

Teşneligi nädip gandyrmaly?

Yssy günlerde köp adam teşnelikden ejir çekýär. Onuň esasy sebäbi gandaky suwuň, duzuň deňagramlygynyň ýitirilmegidir. Bir litr ganda elmydama 9,45 gram duz bolmaly. Yssy howada, adam derläp, duza görä, suwy has köp ýitirýär. Bu hem kem-kemden ganyň düzüminde duzuň möçberiniň köpelmegine getirýär. Şeýdibem hakyky teşnelik döreýär. Teşneligi köp mukdarda suw içip, gandyryp bolýan däldir, ol adamyň köp derlemegine eltýär (24 sagadyň dowamynda 12 litre çenli). Der bilen bolsa gaty kän (30 grama çenli) duz ýitýär. Duz bolsa endamda suwuklygy saklaýan serişdedir. Şu sebäpden, suwy näçe köp içseň, ýene-de içesiň gelýär.

Beýleki habarlar