Içseň miwe suwuny

14 Iýun 2021
726

Ter sykylan miwe şireleriniň peýdasy uludyr. Mysal üçin, terligine sykylan pyrtykal şiresi beýni üçin peýdalydyr. Eger-de siz özüňizi ukusyz we ysgynsyz duýsaňyz, bir bulgur pyrtykal şiresini içiň, şonda ýadawlygyňyz dep bolar. Bir bulgur pyrtykal içgisinde pektinleriň gündelik mukdarynyň 15-20 göterimi saklanýar.

Alymlar ter alma şiresiniň adamyň tutuş bedeni üçin diýen ýaly peýdaly bolan polifenollara baýdygyny tassyklaýarlar. Lukmançylyk barlagynda alma şiresiniň düwnük keselleriniň öňüni almak üçin haýyrlydygy ýüze çykaryldy.

Rozygül ŞARAPOWA,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar