"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

AŞGABAT, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-belarus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wladimir Makeý gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi. Şunda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Hazaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde täze sahypa

Öz gözbaşyny taryhyň irki zamanlaryndan alyp gaýdýan türkmen-azerbaýjan goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklary häzirki döwürde barha pugtalanýar. Muňa 21-nji ýanwarda Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem aýdyň delildir. Iki döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze derejä çykarjak bu möhüm waka aýratyn ähmiýet berip, türkmen we azerbaýjan Liderleri onlaýn görnüşinde derwaýys resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Hormatly Prezidentimiz onlaýn görnüşindäki wideoşekil arkaly duşuşyga gatnaşýandygy üçin azerbaýjanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda iki döwletiň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletiň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga,

Parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk

Ýakynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň hoşniýetli gatnaşyklarynda taryhy waka boldy. Dost-doganlyk nyşany hökmünde halkara taslamalaryň, ýagny Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi şu ýylymyzyň turuwbaşdan öz adyna mynasyp şatlykly wakalar bilen başlanandygyny habar berdi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzda öndürilen önümlerden ybarat ynsanperwer ýükler ýüklenen ilkinji otlynyň Akina demir ýol bekedinden Andhoý demir ýol bekedine tarap ugur almagy çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Bu wakalar Türkmenistan döwletimiziň Aziýa sebitindäki geosyýasy ornunyň has hem berkeýändiginiň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň tutuş dünýä ýüzünde barha dabaralanýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.

2020-nji ýylyň dekabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Dekabr aýy türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň nyşany astynda geçen 2020-nji ýylda Garaşsyz ýurdumyzda bitirilen işleriň jemini jemledi. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk ýörelgeleri Milletler Bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolan bu hukuk derejesiniň özenini düzýär. Geçen aýda halkara derejede geçirilen çäreler munuň subutnamasyna öwrüldi. Şolaryň hatarynda onlaýn tertibinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen işjeň syýasatynyň çäklerinde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan syýasy geňeşmeler, işewür gepleşikler, iri we mowzuklaýyn maslahatlar, sergiler hem-de forumlar bar.

Hazarda açylýan täze gözýetimler

türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm çelgisine öwrüler Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde okan döwrümizde ýurdumyzda geçirilýän iri halkara çäreler bilen baglylykda, köplenç, meýletinçilik işine gatnaşýardyk. Indi-indiler onuň diňe bir meýletinçilik etmek däl, eýsem, tejribäňi artdyrmak, saýlan hünäriň amaly taraplaryny kämilleşdirmek, täze adamlar bilen tanyşmak hem pikir alyşmak üçin özboluşly mekdep bolandygyna göz ýetirýärin. Paýtagtymyzda geçirilen halkara forumlaryň birinde türkiýeli we azerbaýjanly žurnalistler özara gürrüňleriniň arasynda nämedir bir sowal bilen ýüzlendiler. Iňlis dilinde jogap bermekçi bolup, ýaňy söze başlanymdan, azerbaýjanly žurnalistiň: «Türkmençe gürläberiň, düşüneris!» diýmesine birtüýsli geň galanym edil häzirki ýaly ýadymda...

Hazar — dostlugyň deňzi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda gol çekilen nobatdaky Ähtnama hem muny doly tassyklaýar Hazar — dostlugyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň deňzidir. Dünýäde geosyýasy we geoykdysady taýdan örän möhüm orun eýeleýän bu deňiz bäş sany kuwwatly senagat döwletlerini birleşdirýär. Häzirki zaman şertlerinde olaryň özara dostlugy we düşünişmegi bolsa, Hazarýaka bäşliginiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmeginde äşgär duýulýar. Muňa sebitiň iki dostlukly ýurdy bolan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ynanyşmaga ygrarlylyk esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ulag ulgamy ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag-logistika ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, üstaşyr-ulag geçelgelerini giňeltmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Döwletimiz dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy şertleriniň birine öwrülýän ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda özara bähbitli halkara başlangyçlary öňe sürüp, hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we yklym ähmiýetli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Munuň şeýledigini 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üçtaraplaýyn geçirilen duşuşyk aýdyň mysal bolup durýar. Bu maslahatda döwlet Baştutanymyz Owganystanyň hem-de Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlary bilen käbir garaýyşlaryny paýlaşdy we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdi. Öňe sürlen teklipler, ýagny, birinjiden, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») hakyndaky Ylalaşyga esaslanyp, Bitewi logistik merkezi döretmegi teklip etmegi; ikinjiden, ýük daşamalarynyň netijeliligini

Gatnaşyklaryň täze tapgyry

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we dostlukly gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Golaýda paýtagtymyzda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi hem bu ugurdaky möhüm gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berdi. Häzirki wagta çenli ýurdumyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda 100-den gowrak, şol sanda soňky üç ýylyň dowamynda bolsa 50-den gowrak resminamalara gol çekilendigi aýratyn bellärliklidir. Ikitaraplaýyn amala aşyrylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklar hem hil taýdan täze derejä çykýar. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk we döwletara dostlukly gatnaşyklaryň barha berkeýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde öňe çykýan Hazar meselesi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň agramly bölegini öz içine alýar. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň awgust aýynda Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň ýolbaşçylarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekmegi Hazar deňzinde energetika pudag

Ýaşasyn Türkmenistan — Azerbaýjan dostlugy!

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň halklaryny umumy taryhy hem-de köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan iki Garaşsyz döwlet hökmünde üstünlikli ösýär. Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary täze tapgyra çykdy hem-de syýasy ulgamda we ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan hem, Azerbaýjan hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýar. Şu maksat bilen biziň ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, YHG ýaly abraýly halkara guramalaryň we beýlekileriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege kömek berýärler. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk täze derejä çykyp, syýasy, ykdysady, energetika we maýa goýum ulgamlarynda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara we sebit derejesinde biziň döwletlerimiz gatnaşyklaryň oňyn mysalyny görkezýärler. Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi türkmen hem-de azerbaýjan halklaryny birleşdirýän taryhyň, medeni däpleriň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin he

Geljegi nazarlaýan taslamalar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Lebap welaýatynda ulag-aragatnaşyk we elektroenergetika ulgamlarynda iri sebitleýin taslamalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý demir ýol şahasy, kuwwatlylygy 500 kW bolan Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamy, şeýle hem Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bellemek bolar. Taraplaryň gatnaşmagynda energetika, ulag-aragatnaşyk ýaly möhüm pudaklarda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi doganlyk ýurduň syýasy durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de dünýä hojalyk ulgamyna üstünlikli goşulmagyna ýardam berer. Anyk mysallara ýüzlenip aýdylanda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny, «Lapis-Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesini, şeýle hem Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) we Kerki (Türkmenistan) — Ymamnazar (Türkmenistan) demir ýol şahalaryny aýratyn nygtamak bolar. Bu halkara taslamalary doganlyk ýurduň halkara giňişligindäki eýeleýän ornunyň barha ýokarlanmagyna ýardam b

Saglygy goraýyş: türkmen-german gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

21-22-nji ýanwarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy geçirildi. Iki günläp dowam eden foruma Germaniýanyň Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň alym-professorlary hem-de ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, saglygy goraýyş ulgamynyň welaýatlardaky hem-de paýtagtymyzdaky düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Onuň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolan eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler ara alnyp maslahatlaşyldy, täze keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş usullary beýan edildi hem-de olary amaly lukmançylyga ornaşdyrmagyň ýollary kesgitlenildi. Nobatdaky onlaýn duşuşykda urologiýa we ginekologiýa, şol sanda çagalar urologiýasy we ginekologiýasy meselelerine üns berildi. Lukmançylygyň bu ugurlarynyň Türkmenistandaky hem-de Germaniýadaky ýagdaýy baradaky çykyşlar diňlenildi, öňüni alyş çäreleri beýan edildi, işgärleri okatmagyň häzirki zaman çözgütleri hem-de aýratynlyklary barada gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da, adam doglandan tä garraýança urologiýa skr

Netijeli hyzmatdaşlyk

Baky Bitarap Watanymyz sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, goňşy döwletler bilen, şol sanda doganlyk Owganystan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Iki doganlyk ýurduň halklaryny köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary we taryhy-medeni umumylyk birleşdirýär. Bu hoşniýetli gatnaşyklar häzirki döwürde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň anyk işlerde beýan tapmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Ýakynda Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Akina — Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar baky Bitarap Watanymyzyň goňşy owgan halkynyň durmuş-ykdysady ösüşini goldaýandygynyň ýene bir görkezijisi boldy. Bir günde birnäçe iri taslamanyň ulanmaga berilmegi maksatnamalaýyn taslamalaryň sazlaşykly, yzygiderli esasda durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Özara hyzmatdaşlygyň täze basgançagy

Parahatçylyk, dost-doganlyk, birek-birege ynam hem-de hormat goýmak ýaly asylly ýörelgelere eýerip, hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda dünýä döwletleri bilen oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda göwher monjugy deýin biri-biriniň yzyndan düzülip gelýän günlerdir aýlarymyz il-ýurt bähbitli taryhy, syýasy möhüm wakalara, ýakymly hoş habarlara beslenýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýene bir ýola dünýäniň belentligine galdyran şeýle möhüm wakalaryň biri hem geçen hepdäniň penşenbe güni merjen paýtagtymyz Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde barlamak, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Dabaranyň barşynda iki dostlukly ýurduň Baştutanlary — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi bilen birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edildi.

Aýdyň maksatlary nazarlap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen her bir günümiz ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigine döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýylynyň ilkinji günleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şol taryhy wakalaryň hatarynda golaýda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy bekediniň açylyş dabaralaryny ýatlamak bolar. Bularyň ählisi giň möçberli taslamalaryň başyny başlaýan we yzygiderli durmuşa geçirýän mähriban Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatyny dabaralandyrýan netijelerdir.

Parahatçylyk we ynanyşmak arkaly dostana gatnaşyklar

Islendik döwletde durmuşa geçirilýän özgerişleriň netijeliligi, ilkinji nobatda, onuň saýlap alan ösüş ýolunyň aýdyňlygy we täsirliligi bilen kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Türkmenleriň beýleki halklar bilen gatnaşyk edenlerinde mydama özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alandyklaryna taryh şaýatlyk edýär» diýip, bu ýoly biziň häzir hem dowam edýänligimizi we hemişe oňa wepaly boljakdygymyzy belleýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň örän çuňňur manysy bar. Milli Liderimiz şu şygaryň uly many-mazmuny özünde jemleýändigini, bu sözleriň watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam berjekdigini aýratyn nygtap geçýär.

Türkmenistan — Azerbaýjan: energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler 21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.

Bir kökden gaýdan daragt türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň mysalynda gol-pudak ýaýradyp, täze derejä çykýar

Geçmişiň azym-azym akyldarlary «medeniýet» düşünjesini dürlüçe kesgitläpdirler. Ýöne olaryň hemmesi hem medeniýetiň birek-birek bilen dostana gatnaşyklary ýola goýmakdaky köprüdigine aýratyn üns beripdirler. Şoňa görä, bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni diplomatiýasy netijesinde dünýä ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk giň gerim alýar, şonuň netijesinde bolsa, ykdysady, syýasy ulgamlardaky gatnaşyklar berkidilýär. 21-nji ýanwarda paýtagtymyz Aşgabatda bolan Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine tarap möhüm ädim

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler 21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler.

Ýürek sözi

Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýan taryhy çözgüt Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bu gün tutuş dünýä ýüzi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga işjeň goşant goşýan ýurt hökmünde giňden tanaýar. Berkarar Watanymyzyň syýasy, ykdysady we beýleki ugurlar boýunça alyp barýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary sebit we yklym derejesinde ösüşiň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň bu babatdaky öňe sürýän başlangyçlary bolsa diňe bir giň goldawa eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakyky durmuşa geçýändigi bilen hem örän buýsandyryjydyr. Muny üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleriniň taryhy wakalary bilen hem doly delillendirmek bolýar. Ýaňy-ýakynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan möhüm resminama — Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda buýsandyryjy waka öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň hem Azerbaýjanyň ykdysady hyzmatdaşlygyn

Dost-doganlyk däplerine eýerip

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işlere badalga berilmegi ähli halkymyzy guwandyrdy. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Malaý» gaz käninde gurlan, kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi, diňe bir ýurdumyzyň ösüşine oňaýly täsir etmän, eýsem, sebitiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Milletler Bileleşiginiň forumlarynda türkmen Bitaraplygynyň many-mazmunyndan gelip çykýan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesine esaslanyp, ýurdumyzyň we umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary we teklipleri öňe sürdi. Olar durnukly ösüşlere we deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunda döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ygtybarly we goragly bolmagyny kepillendirmek barada öňe süren başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportuny artdyrmak babatda ýurdumyzda ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, olar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak babatda ählumumy wezipeleri çözmek nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumy