Hazarda açylýan täze gözýetimler

26 Ýanwar 2021
1146

türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm çelgisine öwrüler

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde okan döwrümizde ýurdumyzda geçirilýän iri halkara çäreler bilen baglylykda, köplenç, meýletinçilik işine gatnaşýardyk. Indi-indiler onuň diňe bir meýletinçilik etmek däl, eýsem, tejribäňi artdyrmak, saýlan hünäriň amaly taraplaryny kämilleşdirmek, täze adamlar bilen tanyşmak hem pikir alyşmak üçin özboluşly mekdep bolandygyna göz ýetirýärin. Paýtagtymyzda geçirilen halkara forumlaryň birinde türkiýeli we azerbaýjanly žurnalistler özara gürrüňleriniň arasynda nämedir bir sowal bilen ýüzlendiler. Iňlis dilinde jogap bermekçi bolup, ýaňy söze başlanymdan, azerbaýjanly žurnalistiň: «Türkmençe gürläberiň, düşüneris!» diýmesine birtüýsli geň galanym edil häzirki ýaly ýadymda...

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar