Saglygy goraýyş: türkmen-german gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

25 Ýanwar 2021
1279

21-22-nji ýanwarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy geçirildi. Iki günläp dowam eden foruma Germaniýanyň Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň alym-professorlary hem-de ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, saglygy goraýyş ulgamynyň welaýatlardaky hem-de paýtagtymyzdaky düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Onuň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolan eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler ara alnyp maslahatlaşyldy, täze keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş usullary beýan edildi hem-de olary amaly lukmançylyga ornaşdyrmagyň ýollary kesgitlenildi.

Nobatdaky onlaýn duşuşykda urologiýa we ginekologiýa, şol sanda çagalar urologiýasy we ginekologiýasy meselelerine üns berildi. Lukmançylygyň bu ugurlarynyň Türkmenistandaky hem-de Germaniýadaky ýagdaýy baradaky çykyşlar diňlenildi, öňüni alyş çäreleri beýan edildi, işgärleri okatmagyň häzirki zaman çözgütleri hem-de aýratynlyklary barada gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da, adam doglandan tä garraýança urologiýa skrininginiň çäreleri; böwrek keselleriniň patofiziologiýasy, anyklanylyşy, bejerilişi we gaýraüzülmeleriniň öňüniň alnyşy; erkeklerde howply täze döremeler (karsinoma): anyklaýyş hem-de bejeriş we beýleki mowzuklara garaldy. Nemes alymlary keselleri bejermegiň täze usullaryny ulanmagyň netijeleri barada gürrüň berip, Halkara lukmançylyk merkezleri müdirliginiň Halkara iç keselleri merkeziniň iň gowy iş tejribesiniň mysalynda peşew bilen bagly daş keselleri anyklamak we öňüni almak, ony bejermek barada pikir alyşdylar.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri.
Beýleki habarlar