Dost-doganlyk däplerine eýerip

22 Ýanwar 2021
1084

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işlere badalga berilmegi ähli halkymyzy guwandyrdy. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Malaý» gaz käninde gurlan, kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi, diňe bir ýurdumyzyň ösüşine oňaýly täsir etmän, eýsem, sebitiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Milletler Bileleşiginiň forumlarynda türkmen Bitaraplygynyň many-mazmunyndan gelip çykýan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesine esaslanyp, ýurdumyzyň we umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary we teklipleri öňe sürdi. Olar durnukly ösüşlere we deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunda döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ygtybarly we goragly bolmagyny kepillendirmek barada öňe süren başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportuny artdyrmak babatda ýurdumyzda ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, olar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak babatda ählumumy wezipeleri çözmek nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleri has-da artdyrylýar. Elbetde, munuň özi, hormatly Prezidentimiziň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen hem-de halkara bileleşigi tarapyndan goldanýan oňyn halkara başlangyçlary bilen şertlendirilýär.

Golaýda paýtagtymyz Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasynyň bolup geçendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu möhüm ähmiýetli waka gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şyhmyrat BAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar