2020-nji ýylyň dekabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

26 Ýanwar 2021
1261

Dekabr aýy türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň nyşany astynda geçen 2020-nji ýylda Garaşsyz ýurdumyzda bitirilen işleriň jemini jemledi. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk ýörelgeleri Milletler Bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolan bu hukuk derejesiniň özenini düzýär. Geçen aýda halkara derejede geçirilen çäreler munuň subutnamasyna öwrüldi.

Şolaryň hatarynda onlaýn tertibinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen işjeň syýasatynyň çäklerinde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan syýasy geňeşmeler, işewür gepleşikler, iri we mowzuklaýyn maslahatlar, sergiler hem-de forumlar bar.

(TDH).
Beýleki habarlar