Türkmenistan — Azerbaýjan: energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

22 Ýanwar 2021
1289

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler

21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.

"Nesil".
Beýleki habarlar