Bir kökden gaýdan daragt türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň mysalynda gol-pudak ýaýradyp, täze derejä çykýar

22 Ýanwar 2021
1177

Geçmişiň azym-azym akyldarlary «medeniýet» düşünjesini dürlüçe kesgitläpdirler. Ýöne olaryň hemmesi hem medeniýetiň birek-birek bilen dostana gatnaşyklary ýola goýmakdaky köprüdigine aýratyn üns beripdirler. Şoňa görä, bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni diplomatiýasy netijesinde dünýä ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk giň gerim alýar, şonuň netijesinde bolsa, ykdysady, syýasy ulgamlardaky gatnaşyklar berkidilýär.

21-nji ýanwarda paýtagtymyz Aşgabatda bolan Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar