"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

MILLI MIRASY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA HALKARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÖSÜŞI

HALKARA FORUM

2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda paýtagtymyzda ýerleşýän “Arçabil“ myhmanhanasynda wideoaragatnaşyk arkaly Halkara “Türkmen alabaý itleri“ assosiasiýasynyň esaslandyryjylarynyň mejlisi geçirildi. «Arçabil»myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen foruma daşary ýurtly hünärmenleriň – ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilikguramalarynyň, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, şeýle-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ermenistandan, Belgiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Russiýadan,Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Fransiýadan we beýleki yurtlardan kinologiýa federasiýalarynyň, assosiasiýalarynyň, klublarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny üýtgedip guramak we onuň binýadynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek bilen bagly meseleler girizildi. Hususan-da, bu assosiasiýanyň Tertipnamasynyň taslamasyna garaldy hem-de tassyklanyldy, onuň daşary ýurtly agzalary Ýerine ýetiriji komitetiň, gözegçilik-derňew toparynyň we ýolbaşçy düzüminiň agzalygyna saýlanyldy. Bulardan başga-da, assosiasiýanyň welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi

Nobel baýragy-2021

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021. Oktýabr aýynyň gelmegi bilen dünýä meşhur Nobel baýragynyň 2021-nji ýyl boýunça gowşurylyş möwsümi öz işine başlady. Bu ýylky dabaralaryň sanly ulgam arkaly we fiziki wakalaryň jümmüşinde geçiriljekdigi mälim boldy. Guramanyň habaryna görä, baýraga mynasyp bolanlar dekabr aýynda öz ýurtlarynda Nobel baýragyny we diplomlaryny ellerine alarlar. Nobel baýragynyň 120-nji hepdeligi oktýabr aýynyň 4-11-i aralygynda geçirildi. 

Ulag diplomatiýasy rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň ýokary derejesini üpjün etmekde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna ynamly geçirilmeginiň orny örän ýokarydyr. Iňňän oýlanyşykly toplumlaýyn geçirilýän çäreler ýurdumyzda maksatnamalaryň kämil işlenilip düzülendigine hem-de üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyna güwä geçýär. Eziz Diýarymyzda hoşniýetli hyzmatdaşlyga, söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Türkmenistanyň halkara ölçegleriniň iň ýokary talaplaryny ödeýän döwrebap terminallary, demir ýol menzillerini, deňiz portlaryny, inžener-tehniki maksatly binalary gurmagy dowam edýändigimizi, olaryň ählisiniň hem häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden döremegine giň ýol açýandygyny, ulag-aragatnaşyk ulgamynda araçäkleşýän ýurtlar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerim bilen rowaçlanmagyna itergi berýändigini nygtap geçýär.

Dost-doganlygyň aýdyň beýany

Mähriban Watanymyzyň ýüregi, Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerinden kemal tapyp, dünýäniň iň gözel hem-de ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwrüldi. Gözel paýtagtymyzyň milli binagärlik keşpdäki ýaşaýyş jaýlary, köşgi-eýwanlary, biri-birinden ajaýyp desgalary, täsin seýilgähleri, suw çüwdürimleri, ertekidäkini ýada salýan bagy-bossanlyklary ynsan kalbynyň dilinde aýdym bolup ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli halkymyza sowgat eden «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby asudalygyň, agzybirligiň höküm sürýän ýurdunyň ak mermerli paýtagtynyň belent waspnamasy bolup köňlümize doldy. Bu ajaýyp kitap golaýda türk dilinde neşir edildi. Indi türk doganlarymyz ajaýyp paýtagtymyz baradaky düşünjelerini has-da baýlaşdyrarlar. Olar Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun alan Aşgabadyň gaýtalanmajak täsin, özboluşly aýratynlyklaryna gaýybana syýahat ederler. Ýeri gelende bellesek, parahatçylyk döredijilik strategiýasyny işjeň amala aşyrýan Türkmenistan bu günki günde Türkiýe Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar we ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ynsanperwer, ylym, bilim we

Energetika – geljege ynamly hyzmatdaşlyk

Täze hem-de netijeli çözgütleri gözlemekde işjeň garaýyşlary bilen hemişe tapawutlanýan Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy dünýä işewürleriniň hem-de bilermenler jemgyýetçiliginiň wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda döwletleriň durnukly ösüşlerini, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy görkeziji faktorlarynyň biridigini bellemek bolar. Türkmenistan soňky ýyllaryň dowamynda energetika ulgamynda öňdebaryjy döwletleriň biri bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerine çekip, maksadaokgunly daşary syýasatyny alyp barýar. Türkmenistan tebigy gazy has çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi ugur edinmek bilen, energiýa serişdelerini iberýän iri döwlet hökmünde dünýä energetika bazarynda diňe bir öz ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, uglewodorod serişdeleriniň eksporta iberilýän möçberleriniň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna dünýä bazaryna gatnaşmagynyň mazmunyny hil taýdan özgerdýär.

Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetiň durnukly ösüşine ýardam bermek, ýurduň ilatynyň ýaşaýyş hiliniň derejesini artdyrmak üçin tebigy energetika çeşmelerini we ýangyç-energetika pudagynyň kuwwatyny ýokary derejede ulanmak öwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan energetika syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilik syýasatynyň, parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ugrunda anyk işleriniň hem-de başlangyçlarynyň saýasynda Türkmenistanyň halkara abraýy ýokary depginde ösýär. Düýpli özgerişleriň we ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge gönükdirilen Milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, şu günki günde gazanylan ajaýyp sepgitler dünýä jemgyýeti tarapyndan ykrar edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 16-sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na BAE-den, Gon­kong­dan, Tür­ki­ýe­den, Ow­ga­nys­tan­dan we Kipr­den ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny we awia­ke­ro­si­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 27 mil­lion 317 müň 270 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Milli Liderimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Aşgabat, 15-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de birnäçe resminamalary kabul etmäge degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki işiň jemleri jemlenildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlar bellenildi.

Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby türk dilinde neşir edildi

Aşgabat, 14-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, dostlukly ýurduň diplomatlary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary, ýurdumyzyň döwürleýin neşirleriniň redaktorlary gatnaşdylar. Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň ylmy merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary tanyşdyrylyş çäresine onlaýn görnüşde goşuldylar.

Durnukly ulag — rowaçlygyň kepili

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertibinde gatnaşdy. Bu maslahat HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady. «Durnukly ulag, durnukly ösüş» atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýaşlar beýik işleriň ýolunda

2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde sanly ulgam arkaly «Türkmen ýaşlary, golunda eýýamyň beýik işleri» atly okuw-maslahat geçirildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmagyň, ýaşlarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, ýokary ahlaklylyk ýaly häsiýetleri ösdürmegiň çäklerinde sanly ulgam arkaly geçirilen okuw-maslahat diýseň täsirli boldy. Okuw sapagynyň bu gezekki temasy «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň çygryndaky kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi we bu işlere ýaşlary çekmekde ýaş meýletinçileriň orny bilen bagly boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymynyň bu babatdaky çykyşy maglumatlara we maslahatlara baý boldy.

Lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy tagallalary birleşdirmek ýolunda

Milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen ynsan saglygyny goramak meselelerinde işjeň gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň halkara forumlaryň we maslahatlaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary lukmançylyk ugry boýunça ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň şertleri döredýär. Bu babatda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly alym-lukmanlaryň halkara forumy hem dünýä ýurtlarynyň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmekde we tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy. Dünýäde lukmançylyk diplomatiýasynyň orny barha artýar. Lukmançylyk ugry boýunça ylmy gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna gönükdirilen başlangyçlar ählumumy ösüşiň şertine öwrülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, bu möhüm ugruň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňün

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk

Garaşsyzlygymyzyň geçen şanly 30 ýylynyň dowamynda gazanan ösüşlerimiziň gürrüňi edileninde, ulag ulgamyndaky ösüşler ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanda gurlan demir ýol we awtomobil ýollary, döredilen howa we gämi gatnaw ýollary Garaşsyzlygymyzy berkitmekde Türkmenistanyň bähbitlerine hyzmat etmek bilen birlikde sebitiň döwletleriniň üstaşyr gatnaşyklary ýola goýmak möhüm orun eýeledi. Gurulýan demir ýol we awto ýollar ýurdumyzyň sebitde iri ulag-logistika merkezine ynamly öwrülmegini şertlendiren wajyp pursatlar boldy. Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň diňe bir ugrunda ýerleşen ýurt bolmak bilen çäklenmän, eýsem onuň ýüregine öwrülen Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda taryhy tejribäni döwrebap talaplar esasynda gaýtadan dikeldýär. Bu işde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary giň gerimde goldaw tapyp, sebitiň ýurtlary, şeýle hem abraýly halkara guramalary ýükleri we ýolagçylary gysga ýollar arkaly howpsuz gatnatmak babatda Türkmenistanyň alyp barýan ugruny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.

EKSPO — 2020: Türkmenistanyň Milli güni

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty oýlanyşykly düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» we beýleki hereket edýän pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygary bilen ýurdumyzda kemala getirilen sagdyn maddy-tehniki binýat we işjeň maýa goýum syýasaty netijesinde dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri boýunça depginli ykdysady ösüşini saklamaga mümkinçilik döredýär. Türkmenistan özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde sebitde we dünýäde iň ygtybarly hyzmatdaşlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine esaslanýar. Bazar gatnaşyklarynyň esasy alamatlaryndan biri hem innowasiýalara esaslanýan, dünýä jemgyýetçiliginde uly hyrydarlyga eýe bolan harytlary we hyzmatlary öndürmek, şeýle hem olary halkara giňişliginde tanatmak üçin bütindünýä derejesinde geçirilýän sergilerde çykyş etmekdir. Döwrebap marketing usullarynyň ulanylmagy bilen dünýäniň çar tarap

Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi Işewür döwlet Baştutanymyza kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz iri kompaniýanyň ýolbaşçysyna gutlag sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň gyzyklanma bildirýän işewür toparlary bilen uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, sanly ulgama geçirmäge, okgunly ylmy-tehnologik ösüşe gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň hem-de sebit we halkara ähmiýete eýe bolan iri düzümleýin taslamalaryň öňden gelýän, ygtybarly hyzmatdaş bolan «ARETI» halkara kompaniýalar topary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk hem-de ulag ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlar babat

Ulag-ýol düzümi eksport-import gatnaşyklarynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryny barha kämilleşdirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürijini artdyrmak we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatynda yzygiderli durmuşa geçirilýän işler gowy netijelerini berýär. Geçen döwürde durmuşa geçirilen köpugurly işlere ser salanymyzda, olaryň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny özgertmekde paýynyň we ähmiýetiniň örän uludygyna göz ýetirip bolýar. Ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň dürli ugurlary üçin berk binýat goýuldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täze innowasion ugurlarynda, senagatda, logistikada, söwda-ykdysady gatnaşyklarynda, ylmy-tehnologik we maýa goýum gatnaşyklarynda döwrebap taslamalaryň amala aşyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösüşlerine uly itergi berdi. Şol taslamalar biziň welaýatymyzyň çäginde hem giň gerimde amala aşyrylýar. Şol mysallaryň hatarynda dünýäniň çar ýanyna uzaýan ýerüsti we howa ýollarynyň birnäçesiniň welaýatymyzyň çäginden gözbaşyny alýandygyny, munuň üçin zerur bolan döwrebap menzilleriň gurlandygyny görkezmek bolar. Bu bolsa häzirkizaman ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmäge uly goşant boldy. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýe

Arkadagyň beýik başlangyçlary hoşniýetli diplomatiýanyň dünýä nusgalyk çelgileridir

Adamzadyň nurana geljeginiň we Ýer ýüzünde parahat ýaşaýşy berkarar etmegiň hatyrasyna 76 ýyl mundan ozal döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasy. Guramanyň iň ýokary wekilçilikli düzüminiň — Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň umumy geňeşmeleriniň hepdeliginiň ilkinji güni. Dünýäniň iň belent münberinden ilkinjileriň hatarynda türkmen Lideriniň täze teklipleri, başlangyçlary ýaňlanýar! Özi-de şahyr aýtmyşlaýyn, gyşlary bahara öwürýän, gülleden sözüň rüstemligini äleme aýan edýän beýik başlangyçlar! Şol başlangyçlaryň many-maňzynda owal-ahyr parahatçylygyň iň arzyly gymmatlykdygy, birek-birege ynamyň, düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň asuda dünýäni bina etmegiň ýeke-täk ýoludygy, diňe şeýle ýoluň ählumumy ösüşe eltýändigi hakdaky ideýa jemlenýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýä ýaly giň göwnünden, täzeçil, pragmatik çemeleşmelerinden kemala gelýän şol teklipleriň ähmiýeti hem derwaýyslygy barada oýlanýarkaň, danalaryň biriniň: «Dünýä ýoldan, ýol ädimden, ädim bolsa ýagşy niýetden gözbaş alýar» diýen paýhasly sözleri seriňe dolýar... Hawa, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisindäki wideoýazgy çykyşy ha

Türkmenistan — Özbegistan: gatnaşyklaryň täze eýýamyna gadam basylýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 4-5-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iki günlük resmi sapar bilen boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Özbegistana şu gezekki resmi sapary mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymy ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm sahypany açdy.

Tä­sir­li ge­çen on­laýn fo­rum

8-nji okt­ýabr­da ta­mam­la­nan «Pan­de­mi­ýa­dan soň se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň üs­ti bi­len di­ke­liş döw­ri» at­ly fo­rum söw­da me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin işe­wür we­kil­le­ri, hö­kü­met iş­gär­le­rini we sy­ýa­sat­çy­la­ry, pu­dak kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny, se­bitiň we beý­le­ki ýurt­la­ryň hü­när­men­le­ri­ni bir­leş­dir­di. Fo­rum­da pan­de­mi­ýa­dan soň­ky söw­da ýag­daý­la­ry, Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw howp­suz­ly­gy, Mer­ke­zi Azi­ýa­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri we beý­le­ki gy­zyk­ly te­ma­la­ry ara alnyp mas­la­hat­laşyldy. Bäş gün do­wam eden bu wir­tual çä­re­de Mer­ke­zi Azi­ýa­dan, ABŞ-dan we dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­dan 80-den gow­rak meş­hur spi­ker­ler çy­kyş et­di­ler we 42 ýurt­dan 3500 gat­na­şy­jy bol­dy. ABŞ-nyň Hal­ka­ra Ösüş Gu­ra­ma­sy (USAID) 4-nji okt­ýabr­da baş­la­nan «Pan­de­mi­ýa­dan soň se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň üs­ti bi­len di­ke­liş döw­ri» at­ly 11-nji Mer­ke­zi Azi­ýa söw­da fo­ru­my­ny on­laýn ýag­daý­da ge­çir­di. Wir­tual fo­rum 2021-nji ýy­lyň 8-nji okt­ýab­ry­na çen­li do­wam et