Lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy tagallalary birleşdirmek ýolunda

15 Oktýabr 2021
1029

Milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen ynsan saglygyny goramak meselelerinde işjeň gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň halkara forumlaryň we maslahatlaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary lukmançylyk ugry boýunça ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň şertleri döredýär. Bu babatda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly alym-lukmanlaryň halkara forumy hem dünýä ýurtlarynyň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmekde we tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Dünýäde lukmançylyk diplomatiýasynyň orny barha artýar. Lukmançylyk ugry boýunça ylmy gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna gönükdirilen başlangyçlar ählumumy ösüşiň şertine öwrülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, bu möhüm ugruň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlanmagyna we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösüşine, keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleriniň işjeňleşdirilmegine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegine gönükdirilendir. Şu işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna esaslanyp, döwrebap lukmançylyk merkezleri, hassahanalary gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär.

Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar