EKSPO — 2020: Türkmenistanyň Milli güni

14 Oktýabr 2021
1047

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty oýlanyşykly düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» we beýleki hereket edýän pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygary bilen ýurdumyzda kemala getirilen sagdyn maddy-tehniki binýat we işjeň maýa goýum syýasaty netijesinde dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri boýunça depginli ykdysady ösüşini saklamaga mümkinçilik döredýär. Türkmenistan özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde sebitde we dünýäde iň ygtybarly hyzmatdaşlaryň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine esaslanýar. Bazar gatnaşyklarynyň esasy alamatlaryndan biri hem innowasiýalara esaslanýan, dünýä jemgyýetçiliginde uly hyrydarlyga eýe bolan harytlary we hyzmatlary öndürmek, şeýle hem olary halkara giňişliginde tanatmak üçin bütindünýä derejesinde geçirilýän sergilerde çykyş etmekdir. Döwrebap marketing usullarynyň ulanylmagy bilen dünýäniň çar tarapyna öz ýurdumyzda öndürilen harytlary, baý milli-medeni mirasymyzy, şeýle hem mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň bize beren gymmatlyklaryny dünýä çykarmak ugrunda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar