Dost-doganlygyň aýdyň beýany

17 Oktýabr 2021
1107

Mähriban Watanymyzyň ýüregi, Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerinden kemal tapyp, dünýäniň iň gözel hem-de ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwrüldi. Gözel paýtagtymyzyň milli binagärlik keşpdäki ýaşaýyş jaýlary, köşgi-eýwanlary, biri-birinden ajaýyp desgalary, täsin seýilgähleri, suw çüwdürimleri, ertekidäkini ýada salýan bagy-bossanlyklary ynsan kalbynyň dilinde aýdym bolup ýaňlanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli halkymyza sowgat eden «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby asudalygyň, agzybirligiň höküm sürýän ýurdunyň ak mermerli paýtagtynyň belent waspnamasy bolup köňlümize doldy. Bu ajaýyp kitap golaýda türk dilinde neşir edildi. Indi türk doganlarymyz ajaýyp paýtagtymyz baradaky düşünjelerini has-da baýlaşdyrarlar. Olar Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun alan Aşgabadyň gaýtalanmajak täsin, özboluşly aýratynlyklaryna gaýybana syýahat ederler. Ýeri gelende bellesek, parahatçylyk döredijilik strategiýasyny işjeň amala aşyrýan Türkmenistan bu günki günde Türkiýe Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar we ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ynsanperwer, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda netijeli gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar.

Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar