HALKARA FORUM

18 Oktýabr 2021
1502

2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda paýtagtymyzda ýerleşýän “Arçabil“ myhmanhanasynda wideoaragatnaşyk arkaly Halkara “Türkmen alabaý itleri“ assosiasiýasynyň esaslandyryjylarynyň mejlisi geçirildi. «Arçabil»myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen foruma daşary ýurtly hünärmenleriň – ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilikguramalarynyň, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, şeýle-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ermenistandan, Belgiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Russiýadan,Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Fransiýadan we beýleki yurtlardan kinologiýa federasiýalarynyň, assosiasiýalarynyň, klublarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny üýtgedip guramak we onuň binýadynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek bilen bagly meseleler girizildi. Hususan-da, bu assosiasiýanyň Tertipnamasynyň taslamasyna garaldy hem-de tassyklanyldy, onuň daşary ýurtly agzalary Ýerine ýetiriji komitetiň, gözegçilik-derňew toparynyň we ýolbaşçy düzüminiň agzalygyna saýlanyldy. Bulardan başga-da, assosiasiýanyň welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi we onuň başlyklary saýlanyldy. Foruma ýygnananlaryň belleýşi ýaly, milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä  ýaýmak hormatly Prezidentimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen alabaý itleriniň seçgi tohumçylygyny has-da gowulandyrmak hem-de baş sanyny artdyrmak bu ugurda geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm ugruna öwrülendigini nygtadylar. Buýsanjymyz bolan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dabaralandyrýan halkara assosiasiýanyň mejlisine daşary ýurtly gatnaşyjy hünärmenleriň çykyşlaryny okyjylara ýetirýäris: – Itşynaslar bolup duşuşmak, özara tejribe alyşmak üçin mümkinçiligiň dörändigine buýsanjymyň çägi ýok.Özbegistan Respublikasynyň «Узбекский волкодав» it tohumlarynyň gorap saklanmagy boýunça jemgyýeti 2018-nji ýylda esaslandyryldy. Şol ýyldan bäri tohum itleri köpeltmek we olara ideg etmek boýunça itşynaslaryň arasynda uly işler alnyp barylýar. Ýörite kinolog bilermenleriň toparynyň kömegi bilen biziň ýurdumyzda 50 töweregi arassa ganly alabaýyň bardygy anyklandy. Olar hakynda maglumatlary toplamak, alyşmak, tohum arassalygyny goramak biziň esasy maksatlarymyzdyr. Geljekde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygymyz türkmen alabaýlarynyň arassa tohumyny geljek nesillere ýetirmäge ýardam eder. Bize şular ýaly foruma gatnaşmaga, pikir alyşmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Akobir ŞUKUROW
Respublikasynyň «Узбекский волкодав» jemgyýetiniň ýolbaşçysy.
Beýleki habarlar