Ulag-ýol düzümi eksport-import gatnaşyklarynda

13 Oktýabr 2021
1072

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryny barha kämilleşdirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürijini artdyrmak we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatynda yzygiderli durmuşa geçirilýän işler gowy netijelerini berýär. Geçen döwürde durmuşa geçirilen köpugurly işlere ser salanymyzda, olaryň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny özgertmekde paýynyň we ähmiýetiniň örän uludygyna göz ýetirip bolýar. Ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň dürli ugurlary üçin berk binýat goýuldy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täze innowasion ugurlarynda, senagatda, logistikada, söwda-ykdysady gatnaşyklarynda, ylmy-tehnologik we maýa goýum gatnaşyklarynda döwrebap taslamalaryň amala aşyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösüşlerine uly itergi berdi. Şol taslamalar biziň welaýatymyzyň çäginde hem giň gerimde amala aşyrylýar. Şol mysallaryň hatarynda dünýäniň çar ýanyna uzaýan ýerüsti we howa ýollarynyň birnäçesiniň welaýatymyzyň çäginden gözbaşyny alýandygyny, munuň üçin zerur bolan döwrebap menzilleriň gurlandygyny görkezmek bolar. Bu bolsa häzirkizaman ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmäge uly goşant boldy. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde kämil ulag-aragatnaşyk düzüminiň ähmiýeti iňňän ýokarydyr. Şu ulgamyň üsti bilen dünýä bilen ýakyn aragatnaşyk etmegiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň amatly şertleri üpjün edilýär.

Toýly MURADOW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar