Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

13 Oktýabr 2021
1081

12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi

Işewür döwlet Baştutanymyza kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz iri kompaniýanyň ýolbaşçysyna gutlag sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň gyzyklanma bildirýän işewür toparlary bilen uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, sanly ulgama geçirmäge, okgunly ylmy-tehnologik ösüşe gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň hem-de sebit we halkara ähmiýete eýe bolan iri düzümleýin taslamalaryň öňden gelýän, ygtybarly hyzmatdaş bolan «ARETI» halkara kompaniýalar topary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk hem-de ulag ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlar babatda bar bolan kuwwaty we ondan netijeli peýdalanmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Işewür tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň häzirki wagtda energiýa serişdelerini öndürýän döwlet hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýandygyny nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar