"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Tähran we Nýu-Deli Çabahar portuny dolandyrmak boýunça 10 ýyllyk ylalaşyk gazandy

«The Economic Times» neşiri Hindistanyň Çabahar portuny 10 ýyllyk dolandyrmak boýunça Eýran bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. Şeýlelikde, Hindistan ilkinji gezek daşary ýurt portunyň dolandyryşyny öz üstüne alar. 10 ýyllyk şertnama awtomatiki usulda täzelener. Bu port Hindistan üçin Owganystan, Merkezi Aziýa we has uly seýit bolan Ýewraziýa bilen aragatnaşygyň möhüm halkasy bolup, onuň Pakistanyň Gwadar porty, şeýle hem Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy bilen bäsleşip bilmegine mümkinçilik döreder.

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň mejlisi

Aşgabat, 16-njy maý (TDH). Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Mongoliýanyň, Wengriýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň, halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda oňa gatnaşyjylaryň bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň, däp bolan halk senetçiliginiň nusgalary, meşhur türkmen halylary, milli lybaslar, şaý-sepler, saz gurallary görkezilýän gymmatlyklaryň esasyny düzdi. Bu gymmatlyklar türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň maddy nusgalary bolmak bilen, gözbaşyny asyrlaryň jümmüş

Türkmen-tatar gatnaşyklaryny ilerletmegiň ýolunda

Şu günler Kazanda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz hem bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Oňa gatnaşmak maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Raýatlaryň kanuny bähbitlerini halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goramak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hereket edýän kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi ilatyň intellektual ukyplaryny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda innowasion dolandyryşa, döwlet gullugynyň takyk hem sazlaşykly işlemegine, hünärmenlerdir ýolbaşçylar gorunyň ulgamlaýyn taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi hukuk medeniýetiniň netijeliligini, zähmet öndürijiligini, innowasion işjeňligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet dolandyryşyny guramagyň täze gurallaryny kemala getirmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda öňdebaryjy usullaryny we häzirki zaman serişdelerini ulanmak esasynda okuwlar guralyp, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, çuňňur bilimlere eýe, giň gözýetimli döwlet gullukçylary taýýarlanylýar hem-de olaryň hünär derejeleri ýokarlandyrylýar.

Türki medeniýetiniň halkara guramasyna agza döwletleriniň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlise daşary ýurtly myhmanlar, TÜRKSOÝ-ýa agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, medeniýet sungat, bilim işgärleri, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň açylyş dabarasynda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynda wagtlaýyn başlyklyk etmek ygtyýarlygy Azerbaýjan Respublikasyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna geçirildi.

Türkmenistan — Ýewropa bileleşigi: geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

14-nji maýda Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler» atly maslahat geçirildi. Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. 1993-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ýola goýlan wagtyndan bäri dürli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji maýy) Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Turgundy gury portunda ammarlar toplumy gurlar

Berkarar döwletimiziň ulaglar ulgamynda goňşy döwletler bilen halkara demir ýol geçelgeleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda möhüm ulag geçelgeleriniň biri bolan Owganystan döwleti bilen serhetleşýän Serhetabat Turgundy demir ýol geçelgesiniň işjeňligini artyrmak möhüm mesele bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary barha berkeýär Owganystanyň parahatçylykly ösüşine, durmuş–ykdysady infrastrukturasynyň dikeldilmegine, sebitiň ýurtlary bilen halkara derejesinde hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna, şol sanda goňşy döwletiň demir ýol infrastrukturasynyň pugtalandyrylmagyna biziň ýurdumyz tarapyndan uly tagallalar edilýär.

Gazagystandaky forumda sebit logistikasynyň täze ugurlary kemala getirilýär

14-15-nji maýda türkmen wekiliýeti, şol sanda «Türkmen Logistika» assossiýasiýasynyň, döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň wekilleri Almatyda geçýän 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyna gatnaşýar. Bu barada «Türkmen Logistika» assossiýasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Bu çäre Merkezi Aziýa sebitiniň kuwwatyny nazara almak bilen, sebit söwdasynyň çäklerini has-da giňeltmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, täze söwda bazarlaryny gözlemek, bu ugurdaky mümkinçilikleri ýüze çykarmak, gümrük we logistika amallaryny sanlylaşdyrmak bilen bagly meseleler forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar söwda kadalaşdyrylyşynyň dürli ugurlary, şol sanda sebitleýin söwda ylalaşyklary, Bütindünýä Söwda Guramasynyň standartlary we beýleki degişli standartlar boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Sinszýan – Uýgur awtonom raýonyna bardy

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň we “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilhanasynyň ilçisi Parahat Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Sinszýan – Uýgur awtonom raýonynyň (SUAR) Urumçy, Kaşgar, Karamaý we Inin şäherlerine, şeýle hem Horgos serhetüsti geçiş nokadyna baryp gördi.

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Aşgabat — Kazan, 15-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji maýy) Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahat geçirildi. Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. 1993-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ýola goýlan wagtyndan bäri dürli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow 2024-nji ýylyň maý aýynyň 13-14-i aralygynda iş sapary bilen Balkan welaýatyna gitdi. Saparyň dowamynda G.Gozalow Balkan welaýatynyň häkimi, Türkmenbaşy şäheriniň häkimi, “Türkmendeňizderýaýollary” Gullugynyň başlygy, Türkmenbaşy Halkara Deňiz Portunyň başlygy we “Balkan” gämi abatlaýyş kärhanasynyň müdiri bilen duşuşyp, porta we gämi abatlaýyş kärhanasyna baryp gördi.

Türkmen gazy Azerbaýjan we Gruziýa arkaly Türkiýä barar

Türkmenistanyň tebigy gazyny Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýe Respublikasyna ibermek babatda ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Türkiýäniň metbugat neşirleri habar berýär. Türk metbugatyndaky habarlara görä, Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi. Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýada oňyn daşary syýasaty alyp barýan hem-de döretmegiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň bütin dünýäde ykrar edilen görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak, şeýle hem medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça birnäçe duşuşyklary geçirmek üçin Aşgabada geldi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, Neda Bergeriň ýolbaşçylygynda geçirilýän medeni çärelere ýokary baha berdi. Olar özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn orny eýeleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy. Jenap Endo Toşiaki wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekledi hem-de ony ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady. Şeýle-de Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi.

Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahat geçirildi. Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. 1993-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ýola goýlan wagtyndan bäri dürli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy.