Türkmen-tatar gatnaşyklaryny ilerletmegiň ýolunda

16 Maý 2024
419

Şu günler Kazanda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz hem bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Oňa gatnaşmak maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Beýleki habarlar