Türkmenistan — Ýewropa bileleşigi: geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

16 Maý 2024
249

14-nji maýda Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler» atly maslahat geçirildi.

Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. 1993-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ýola goýlan wagtyndan bäri dürli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy.

«Watan».
Beýleki habarlar