TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň mejlisi

17 Maý 2024
183

Aşgabat, 16-njy maý (TDH). Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Mongoliýanyň, Wengriýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň, halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda oňa gatnaşyjylaryň bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň, däp bolan halk senetçiliginiň nusgalary, meşhur türkmen halylary, milli lybaslar, şaý-sepler, saz gurallary görkezilýän gymmatlyklaryň esasyny düzdi. Bu gymmatlyklar türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň maddy nusgalary bolmak bilen, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hem-de goralyp saklanýan baý ruhy däpleri özünde jemleýär.

Beýleki habarlar