Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygyny kabul etdi

15 Maý 2024
463

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýada oňyn daşary syýasaty alyp barýan hem-de döretmegiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Beýleki habarlar