Döwrüň talabyndan ugur alyp

16 Maý 2024
147

Raýatlaryň kanuny bähbitlerini halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goramak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hereket edýän kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi ilatyň intellektual ukyplaryny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda innowasion dolandyryşa, döwlet gullugynyň takyk hem sazlaşykly işlemegine, hünärmenlerdir ýolbaşçylar gorunyň ulgamlaýyn taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi hukuk medeniýetiniň netijeliligini, zähmet öndürijiligini, innowasion işjeňligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet dolandyryşyny guramagyň täze gurallaryny kemala getirmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda öňdebaryjy usullaryny we häzirki zaman serişdelerini ulanmak esasynda okuwlar guralyp, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, çuňňur bilimlere eýe, giň gözýetimli döwlet gullukçylary taýýarlanylýar hem-de olaryň hünär derejeleri ýokarlandyrylýar.

Jemile HOMMAÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň raýat hukugy kafedrasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar