Gazagystandaky forumda sebit logistikasynyň täze ugurlary kemala getirilýär

16 Maý 2024
175

14-15-nji maýda türkmen wekiliýeti, şol sanda «Türkmen Logistika» assossiýasiýasynyň, döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň wekilleri Almatyda geçýän 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyna gatnaşýar. Bu barada «Türkmen Logistika» assossiýasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu çäre Merkezi Aziýa sebitiniň kuwwatyny nazara almak bilen, sebit söwdasynyň çäklerini has-da giňeltmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, täze söwda bazarlaryny gözlemek, bu ugurdaky mümkinçilikleri ýüze çykarmak, gümrük we logistika amallaryny sanlylaşdyrmak bilen bagly meseleler forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar söwda kadalaşdyrylyşynyň dürli ugurlary, şol sanda sebitleýin söwda ylalaşyklary, Bütindünýä Söwda Guramasynyň standartlary we beýleki degişli standartlar boýunça pikir alyşdylar.

Beýleki habarlar