"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Hurma

Gadym wagtlardan bäri subtropik miweli agaçlaryň biri hasaplanylýan hurma agajynyň miwesi käbir ýurtlarda iýmitlenişde-de uly ähmiýete eýedir. Hurma agajy tropiki, käbir görnüşleri bolsa subtropik sebitlerinde duş gelýär. Hurmalaryň iň gadymy we belli görnüşi Kawkaz hurmasydyr. Bu görnüşli hurma agajyny ýurdumyzda ösdürip ýetişdirmek has amatly. Häzirki döwürde ähli welaýatda ösdürilip ýetişdirilýän hurma agaçlarynyň miwesi giç bişip ýetişýändigine garamazdan, ir hasyla durýar we bol hasyl getirýär. Hurma maý aýynyň başynda gülleýär, güýzde-de hasyl berýär.

Saglyk — abatlyk

Soňky ýyllarda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ildeşlerimiziň her biriniň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ýurtda sagdyn jemgyýetiň binýadyny berkitmekde, ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda möhüm şertleriň biridir. Ýurdumyzda sport görnüşleriniň, sport desgalarynyň we toplumlarynyň sany bilen birlikde sporty söýüjileriň-de, ussat türgenleriň-de sany barha köpelýär. Bu bolsa sportuň uzak asyryň dowamynda adamzadyň döreden özboluşly güýmenjesi bolmagyndan, ynsan durmuşyna gözellik, rowaçlyk we bagtyýarlyk çaýýan gymmatlyk derejesine çenli özgerendigini görkezýär. Bu hakykata biz gündelik durmuşymyzda doly göz ýetirýäris. Ýurdumyzyň sport ulgamynda döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýylyň-ýylyna öz kämillik derejelerini artdyrýan türkmen türgenleri dünýäniň sport arenasynda Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýarlar. Şeýle türgenleriň sanyny yzygiderli artdyrmak biziň esasy wezipämizdir. Biz sporta ählihalk derejesinde uly ähmiýet berýän milli Liderimiziň göreldesine eýermek bilen, türgenleriň diňe bir bedenini taplamak we olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri babatda hem alada edýäris. Bu bolsa jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelges

Sagdyn durmuş bagtly ýaşaýşyň gözbaşydyr

Halkymyz «Saglygym — baş baýlygym» diýýär. Saglygymyzy gorap saklamak üçin ýörite düzgünleri berjaý etsek, hem sagdyn, hem ruhubelent bolarys. Geliň, şonuň üçinem şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý edeliň! Jemgyýetçilik ýerlerinde töweregiňizdäkiler bilen iki metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklaň.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Gawun-garpyzyň dermanlyk häsiýetleri Türkmen topragynda näçe diýseň rysgal-bereket, bolçulyk bar. Pederlerimiziň gadymy topragynda önýän gawun-garpyzdyr, erik, alma diýjekmi, ähli ir-iýmişler öz süýjüligi, tagamy bilen tapawutlanýar.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny artdyrmagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

AŞGABAT, 19-njy ýanwar (TDH). Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak, arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny Merkezi Aziýada bellige alan ilkinji döwlet boldy. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli şahadatnamany gowşurdy.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Gök önümleriň peýdasy Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde möwsümleýin kesellerden goranmak, bedeni gurplandyryp, onuň kesele garşy göreşijiligini ýokarlandyrmak zerurdyr. Munuň üçin gök önümleri we miweleri has köp iýmek maslahat berilýär.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän we halkyň saglygy barada alada edilýän ata Watanymyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Bu ýagdaý ýokanç kesellere garşy göreşmekde hem-de köptaraplaýyn ylmy-lukmançylyk gatnaşyklaryny berkitmekde nobatdaky ädim boldy. Türkmenistan täze howpa garşy göreşmekde beýleki döwletleriň tejribesine uly hormat bilen garaýar hem-de pandemiýanyň ýaramaz täsirlerinden üstün çykmakda toplan tejribesini paýlaşýar. Şeýle hem Türkmenistan beýleki ýurtlar we halkara guramalar bilen bilelikdäki tagallalaryň netijeliligini gazanmak maksady bilen üstünlikli taýýarlan işlerini paýlaşmaga taýýardyr.

Sagdyn durmuşyň binýady

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň işgärleri beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekýän lukmanlar bilen bilelikde ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Oba ýaşaýjylaryň arasynda öý şertlerinde, şeýle-de edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynda iş ýerlerinde geçirilýän duşuşyklaryň barşynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, olara degerli maslahatlar berilýär. Etrabyň Gorjaw geňeşliginiň jaýynda bolan duşuşyk täsirli geçen wagyz-nesihat çäreleriň biridir. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygy ugrunda edýän aladalary baradaky gürrüňe aýratyn ünsi çekip, gyşyň häzirki günlerinde pasla görä geýinmegiň, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, şahsy gigiýenanyň talaplaryny pugta berjaý etmegiň, ýokuma baý iýmitler bilen iýmitlenmegiň, howpsuz araçägi saklamagyň möhümdigini düşündirdiler. Olaryň belleýşi ýaly, ildeşlerimiziň her biriniň sagdyn bedenli bolmagynda, dürli kesellere garşy goranyjylyk ukybynyň ýokarlanmagynda ýokumlara baý önümleriň uly ähmiýeti bardyr. Dürli beloklara, mikroelementlere baý önümler adam bedeniniň kadaly alyş-çalşygyna ýardam berýär, bedeniň kuwwatlylygyny artdyr

Limon

Gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde bedeniň sagdyn bolmagy, kesellerden goranyjylyk ukybyň ýokarlanmagy üçin jana ýokumly hem-de peýdaly iýmit bilen iýmitlenmelidir. Gyş möwsüminde C witaminine baý sitrus miwelerini iýmek diýseň peýdalydyr. Adamlar tarapyndan sitrus miweleriniň arasynda iň kän sarp edilýän görnüşi limondyr. Limon örän peýdalydyr. Onuň düzümi dürli witaminlere, organiki turşulyklara, tiamine we efir ýagyna baýdyr. Aslynda-da, limon diňe gyşda däl, eýsem, ýylyň ähli pasyllarynda-da elýeterli bolup, ondan dürli tagamlary, içgileri, şireleri, konditer önümleri, kosmetiki serişdeleri taýýarlanýar. Aziýada limon ösümligi tagamly iýmiş hökmünde, dermanlyk häsiýetleri hem-de onuň agajynyň gözel görnüşi göz öňünde tutulyp, «ekinleriň düri» adyny alypdyr. Bir limonda C witamininiň adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan möçberiniň üçden biri saklanýar. Limonyň düzümi B witaminler toplumyna hem baý bolansoň, ol özüňi rahat duýmaga hem-de uklamaga, keýpiňi çaglamaga, deriniň ýylmanak bolup, ýaş görünmegine täsirini ýetirýär. Onuň düzümindäki A witamini bolsa gözüň görüş ukybyny gowulandyrýar. Limon P witaminine hem baý bolup, ol bedeniň dürli infeksiýalara garşy göreşmegini üpjün edýär. Kaliý bolsa süňkleri pugtalandyrýar, ýüre

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga, şonuň netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga möhüm ähmiýet berilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň derejesi — islendik ýurtda ilatyň durmuş derejesiniň, onuň döwlet nusgasynyň we durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biridir. Bu ulgamda esasy kadalar döwletiň işini ynsan ölçegi, “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen düşünje bilen kesgitlenýän baý mazmuna eýe edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Süýji buýanyň peýdasy

Ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, saglygy dikeltmekde eziz Diýarymyzyň keramatly topragynda ösýän dürli ösümlikleriň peýdasy uludyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby we «Çaý — melhem hem ylham» atly kitaby gymmatly ylmy çeşmelerdir. Kitaplarda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly ösümliklerden taýýarlanan dermanlyk çaýlar ynsan saglygy üçin peýdalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow buýan köküniň adamyň saglygyna edýän netijeli täsiri dogrusynda aýratyn nygtaýar. Il arasynda “süýji buýan” ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär. Buýan köki ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onkibarmak içegäniň kesellerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir, ol immun durnuklylygyny berkidýär.

Düzgünleri berjaý etmek saglygyň girewidir

Sagdyn ýaşamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmeli hem-de bu ugurdaky maslahatlardyr düzgünleri doly we dogry berjaý etmek gerek. Munuň özi diňe bir özümiziň däl, eýsem,  daş-töweregimizdäkileriň hem saglygyny goramakda ähmiýetlidir. Möwsümleýin ýiti respirator keselleriň öňüni almak üçin agyz-burun örtügini dakynmaly, şahsy arassaçylyga aýratyn üns bermeli. •Häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýändigi üçin ýyly egin-eşikleri geýmeli.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndan

Buýan Häsiýeti. Gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde, takmynan, 15, Türkmenistanda 4 görnüşi duş gelýär. Ösümlik il arasynda «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýar.

Ýer sürçekmi, ägä bol!

Gadyrly çagalar, gyş paslynda her bir adam saglygyny goramaklyga aýratyn ünsli bolmaly. Özümiziň we töweregimizdäkileriň saglygyny goramak maksady bilen, agyz-burun örtüklerini dakynmak, ellerimizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak, zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmak, köpçülik ýerinde howpsuz aralygy saklamak ýaly gaýragoýulmasyz talaplary yzygiderli we dogry berjaý etmeli. Gyş möwsüminde adamlaryň durmuşynda şikeslenme hadysalary hem duş gelýär. Muňa sebäp bolýan ýagdaýlar, esasan, ýeriň, ýollaryň doňup, sürçeklenmegi, typançak köwüşleriň geýilmegi, gündizleriň gysgalyp, günüň garaňky wagtynyň agdyklyk etmegidir. Şikeslenme hadysalarynyň arasynda-da kelle çanak-beýni şikesi, el-aýak süňkleriniň döwülmegi we garyşyk şikesler köp gabat gelýär. Ilkinji garyň ýagmagy bilen saglygy goraýyş edaralaryna ýüz tutýan şikesli adamlaryň sany ýokarlanýar, olaryň 15 göterim töweregi sypjyrmak we süňk döwükleri bilen, 10 göterim töweregi çykyklar bilen baglanyşyklydyr. Bu möwsümde gar atyşyp oýnaýan çagalaryň gözüne gar tozgasynyň düşmegi zerarly, göz şikeslenmesi hem ýüze çykýar. Bularyň öňüni almak üçin zerur düzgünleri berjaý etmek esasy talap bolup durýar.

Halkymyzyň saglygynyň goragynda

Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy AŞGABAT, 18-nji ýanwar (TDH). Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň derejesi — islendik ýurtda ilatyň durmuş derejesiniň, onuň döwlet nusgasynyň we durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biridir. Bu ulgamda esasy kadalar döwletiň işini ynsan ölçegi, “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen düşünje bilen kesgitlenýän baý mazmuna eýe edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Ellerimizi wagtly-wagtynda ýuwmak bizi zyýanly mikroblaryň bedenimize düşmeginden goraýar. Elleriňi nahar iýmezden öň we soň, daşary çykyp, öýe gireniňde, islendik işiňi edip bolanyňdan soň, hökman sabyn bilen ýuwmalydyr. Onuň üçin ilki eliňi ölläp, sabyn çalmaly-da, eliň aýasyny, arka tarapyny, barmaklaryň aralaryny, şeýle-de bilekleriňi mazaly ýuwmaly.

Dümew we oňa garşy göreş çäreleri

Dümew dünýäde iň bir ýaýran keselleriň biri bolup, ol köplenç howanyň çalyşýan döwürlerinde — güýzde, gyşda we ir baharda ýüze çykýar. Muňa bu döwürde adamyň bedeniniň gowşamagy, pyýada az ýörelmegi, sowuk howadan dem almagyň ýygylaşmagy, howanyň öwzaýyna seredilmän, ýeňil geýnilmegi zerarly käbir agzalaryň sowuklamagy sebäp bolýar. Asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy dümewlemäniň ilkinji alamatlarydyr. Näsagyň kellesi agyrýar, gözi ýaşarýar, endam-jany owum-döwüm bolup üşedýär, işdäsi kemelýär. Şeýle alamatlar ýüze çykanda hökmany ýagdaýda maşgala lukmanyny öýe çagyrmaly we onuň maslahatlaryny doly berjaý etmeli. Dümew näsaglygyň ilkinji günlerinden başlap, asgyrylanda, üsgürilende, gürleşilende tüýkülik arkaly sag adamlara geçip bilýär. Hiç haçan keseli aýak üstünde geçirmek bolmaýar. Näsag bedeniniň gyzgyny kadalaşýança düşekde ýatmaly. Eger şu talap berjaý edilmese, onuň dürli gaýraüzülmelere, garaşylmadyk täze howply dertlere duçar bolmagy mümkin.

Agyz-burun örtüklerini ulanmak öz saglygyňyzy goramakdyr

Jigime

Säher tur-da, jigim jan,Irki maşklaryňy et.Diýipdirler danalar:«Herekete — bereket». Gowy ýuw el-ýüzüňi,Kemi galmasyn hijem.Arassa sakla dişiň,Agyry gelmez, bilseň.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!