Il saglygy — ýurt baýlygy

19 Ýanwar 2021
894

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga, şonuň netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga möhüm ähmiýet berilýär.

Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň derejesi — islendik ýurtda ilatyň durmuş derejesiniň, onuň döwlet nusgasynyň we durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biridir. Bu ulgamda esasy kadalar döwletiň işini ynsan ölçegi, “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen düşünje bilen kesgitlenýän baý mazmuna eýe edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar