Hurma

20 Ýanwar 2021
1053

Gadym wagtlardan bäri subtropik miweli agaçlaryň biri hasaplanylýan hurma agajynyň miwesi käbir ýurtlarda iýmitlenişde-de uly ähmiýete eýedir. Hurma agajy tropiki, käbir görnüşleri bolsa subtropik sebitlerinde duş gelýär. Hurmalaryň iň gadymy we belli görnüşi Kawkaz hurmasydyr.

Bu görnüşli hurma agajyny ýurdumyzda ösdürip ýetişdirmek has amatly. Häzirki döwürde ähli welaýatda ösdürilip ýetişdirilýän hurma agaçlarynyň miwesi giç bişip ýetişýändigine garamazdan, ir hasyla durýar we bol hasyl getirýär. Hurma maý aýynyň başynda gülleýär, güýzde-de hasyl berýär.

Gurbanjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar