Bagtyýarlygyň gözbaşy

20 Ýanwar 2021
872

Il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän we halkyň saglygy barada alada edilýän ata Watanymyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.

Bu ýagdaý ýokanç kesellere garşy göreşmekde hem-de köptaraplaýyn ylmy-lukmançylyk gatnaşyklaryny berkitmekde nobatdaky ädim boldy. Türkmenistan täze howpa garşy göreşmekde beýleki döwletleriň tejribesine uly hormat bilen garaýar hem-de pandemiýanyň ýaramaz täsirlerinden üstün çykmakda toplan tejribesini paýlaşýar. Şeýle hem Türkmenistan beýleki ýurtlar we halkara guramalar bilen bilelikdäki tagallalaryň netijeliligini gazanmak maksady bilen üstünlikli taýýarlan işlerini paýlaşmaga taýýardyr.

“Ahal durmuşy”.
Beýleki habarlar