Sagdyn durmuşyň binýady

19 Ýanwar 2021
851

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň işgärleri beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekýän lukmanlar bilen bilelikde ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Oba ýaşaýjylaryň arasynda öý şertlerinde, şeýle-de edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynda iş ýerlerinde geçirilýän duşuşyklaryň barşynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, olara degerli maslahatlar berilýär.

Etrabyň Gorjaw geňeşliginiň jaýynda bolan duşuşyk täsirli geçen wagyz-nesihat çäreleriň biridir. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygy ugrunda edýän aladalary baradaky gürrüňe aýratyn ünsi çekip, gyşyň häzirki günlerinde pasla görä geýinmegiň, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, şahsy gigiýenanyň talaplaryny pugta berjaý etmegiň, ýokuma baý iýmitler bilen iýmitlenmegiň, howpsuz araçägi saklamagyň möhümdigini düşündirdiler. Olaryň belleýşi ýaly, ildeşlerimiziň her biriniň sagdyn bedenli bolmagynda, dürli kesellere garşy goranyjylyk ukybynyň ýokarlanmagynda ýokumlara baý önümleriň uly ähmiýeti bardyr. Dürli beloklara, mikroelementlere baý önümler adam bedeniniň kadaly alyş-çalşygyna ýardam berýär, bedeniň kuwwatlylygyny artdyrýar. Bu babatda gök önümler, miweler, şeýle-de süýt önümleri bilen iýmitlenmek maslahat berilýär.

Beýleki habarlar