Limon

19 Ýanwar 2021
945

Gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde bedeniň sagdyn bolmagy, kesellerden goranyjylyk ukybyň ýokarlanmagy üçin jana ýokumly hem-de peýdaly iýmit bilen iýmitlenmelidir. Gyş möwsüminde C witaminine baý sitrus miwelerini iýmek diýseň peýdalydyr. Adamlar tarapyndan sitrus miweleriniň arasynda iň kän sarp edilýän görnüşi limondyr. Limon örän peýdalydyr. Onuň düzümi dürli witaminlere, organiki turşulyklara, tiamine we efir ýagyna baýdyr. Aslynda-da, limon diňe gyşda däl, eýsem, ýylyň ähli pasyllarynda-da elýeterli bolup, ondan dürli tagamlary, içgileri, şireleri, konditer önümleri, kosmetiki serişdeleri taýýarlanýar. Aziýada limon ösümligi tagamly iýmiş hökmünde, dermanlyk häsiýetleri hem-de onuň agajynyň gözel görnüşi göz öňünde tutulyp, «ekinleriň düri» adyny alypdyr.

Bir limonda C witamininiň adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan möçberiniň üçden biri saklanýar. Limonyň düzümi B witaminler toplumyna hem baý bolansoň, ol özüňi rahat duýmaga hem-de uklamaga, keýpiňi çaglamaga, deriniň ýylmanak bolup, ýaş görünmegine täsirini ýetirýär. Onuň düzümindäki A witamini bolsa gözüň görüş ukybyny gowulandyrýar. Limon P witaminine hem baý bolup, ol bedeniň dürli infeksiýalara garşy göreşmegini üpjün edýär. Kaliý bolsa süňkleri pugtalandyrýar, ýüregiň işine oňyn täsir edýär, içegäniň mikroflorasynyň düzümini gowulandyrýar, iýmitiň siňmegini ýeňilleşdirýär. Bu sitrus miwesi antiseptiki häsiýeti bilen hem belli bolup, limon şiresi goşulan suwa agzyňy hem-de bokurdagyňy çaýkamak peýdalydyr.

Taýýarlan Aýlar GÜÝJIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar