Milli saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny artdyrmagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

20 Ýanwar 2021
1223

AŞGABAT, 19-njy ýanwar (TDH). Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak, arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny Merkezi Aziýada bellige alan ilkinji döwlet boldy. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli şahadatnamany gowşurdy.

Beýleki habarlar